ŞYGRYÝET BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

884
Gahryman Arkadagymyz: “Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr” diýip jaýdar belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen şahyryň 290 ýyllyk baýramynyň dabaraly bellenilmegi we goşgularynyň dürli dillerde neşir edilmegi bolsa, şol halklaryň öz ene dillerinde akyldaryň filosofiki garaýyşlarynyň, türkmen paýhasynyň, milliliginiň, gahrymançylygynyň örän ýokary derejede beýikdigine göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. 
Türkmen paýhasynyň belent nusgasy bolan Magtymguly Pyragynyň 300 – ýyllyk ýubileý toý-dabarasyny halkara derejesinde bellemek hakyndaky kabul edilen karar bolsa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we akyldar Magtymguly Pyragynyň älem içre at-abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny hemmetaraplaýyn öwrenmek işinde täze belent sepgitlere ýetendiginiň aýdyň mysalydyr.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy we Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Magtymgulynyň ynsanperwerlik, döwletlilik we agzybirlik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly şygryýet bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar. Olar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan beýik işlerini, ynsanperwerligi, türkmen tebigatyny we umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän goşgulary okamak boýunça bäsleşdiler. 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Halmaýew Aşyrgeldi we Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Sakçyýew Nury bu bäsleşige gatnaşyp, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny, şeýle-de öz döreden goşgulary bilen çykyş etdiler. 
Şygryýet bäsleşiginiň emin agzalary Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Halmaýewiň şygyr ýazmakda aýratyn zehininiň bardygyny nygtap bellediler we oňa degişlilikde höweslendiriji orny berdiler. Uniwersitetimiziň talyby Aşyrgeldi Halmaýewiň  höweslendiriji baýraga mynasyp bolmagy diýseň guwandyryjydyr.  
Akynýaz Sapargeldiýew,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52