Ylmy-tejribe duşuşugymyz miwe baglaryň gyrkymy we onuň ähmiýeti hakynda
496Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan telekeçilerimize döredilýän mümkinçilikler, olara döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlar bu ugurda halkara tejribeleriň giňden ornaşdyrylyp, öndürilýän önümleriň görnüşleriniň barha artmagyna getirýär. Diýarymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pagtaçylyk, däneçilik pudaklary bilen bir hatarda, miweçilik, bakjaçylyk we üzümçilik pudaklaryny hem talabalaýyk derejede ösdürmek üçin köp sanly ylmy taýdan esaslandyrylan işler alnyp barylýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni ylymlar güni mynasybetli talyp ýaşlarmyzyň we ýaş mugallymlarmyzyň ylmy tejribelerini has-da artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, tejribeli hünärmenleriň we alymlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän ylmy-tejribe duşuşygymyzyň bu gezekki temasy “Miweli baglaryň we üzümleriň gyrkymy” diýip atlandyryldy. Ilki bilen çärämiziň başynda Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy barlag önümçilik merkeziniň uly ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Uma Kerimowna çykyş etdi. Tejribeli hünärmen öz çykyşynda miweli baglaryň hasyllylygynyň ýokary bolmagy üçin olary öz wagtynda we dogry gyrkmaklygyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Ondan başgada Uma Kerimowna miweli baglaryň käbir görnüşleriniň gyrkymynda 3 sany şahanyň goýulmalydygyny we olaryň içinde lider şahasynyň bolmalydygyny belläp geçdi.
Ylmy-tejribe duşuşygyny soňra Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy barlag önümçilik merkeziniň bölüm müdiri Myrat Paşşykow dowam etdirdi. Tejribeli hünärmen üzümiň dürli görnüşli sortlarynyň gyrkymy barada gürrüň berdi. Has takygy, üzüm agajynyň ýurdumyzda dekabr aýyndan mart aýyna çenli gyrkylmalydygyny, kesilen ýerleriň şepbik bilen doldurylmalydygyny, ondan başgada Aşgabat gara üzüminiň, Taýfynyň we Ýubileý kişmiş üzüminiň bogunlar arkaly gyrkylyş aýratynlyklaryny düşündirdi. Myrat Paşşykow diňe bir bu zatlary gürrüň bermek bilen çäklenmän, ýörüte üzüm nahallarynyň gyrkylyşyny hem görkezmegi maslahatyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Çykyşlar tamamlanandan soňra ylmy-tejribe duşuşygyna gatnaşyjylar gyzyklanma döredýän soraglaryny berip, hünärmenler bilen pikir alyşdylar. Täsirli geçen çärede mindal, hurma we şetdaly agaçlarynyň hem gyrkylyş aýratynlyklary hakynda özara tejribeler paýlaşyldy.
Aşyrowa Aýsoltan
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň
4-nji ýyl talyby