Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

631
2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde – Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahat ,,Hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygyň we asudalygyň ygtybarly daýanjydyr” diýlip atlandyryldy.
Bu ylmy-amaly maslahata uniwersitetimiziň Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, hünärmenler, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahat dört bölümden ybarat bolup, munda, esasan, Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýunyň dabarasy we Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, Garaşsyz, hemişelik Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna beren eşretli zamanasy baradaky gürrüňler hakynda çykyşlar edildi.
Bilşimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleriniň arasynda barha belende galýan halkara abraýynyň ýokarlanmagyna uly itergi berýär.
Ata Watanymyz Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň dürli ugurlarynda, has takygy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, hukuk gatnaşyklaryny ösdürmekde, dünýä syýasatynyň häzirki zaman meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda döwletleriň arasynda möhüm halka öwrüldi. Ine, şeýle işleriň netijesinde 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde, dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi esasynda Türkmenistan Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Şol gün ýurdumyzyň halkara giňişliginde parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler möhüm waka bolup taryha girdi.          
Türkmenistan Watanymyz Bitarap döwlet hökmünde dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, özara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Bu gün hemişelik Bitarap döwletimiz sebitde we bütin dünýäde oňyn gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek ugrunda çykyş edýär.        
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan täzeden ,,Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky Rezolýusiýasy biragyzdan tassyklanyldy. Şeýle-de,   2017-nji ýylyň fewral aýynda has-da şatlykly habar dünýä ýaýrady. Her ýylyň 12-nji dekabryny ,,Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bütin dünýä ýaýrady. Bu habar türkmen halky üçin hem örän ýakymly boldy.
Umuman, biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde geçirilen bu ylmy-amaly maslahatyň ähmiýeti Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýy, Halkara Bitaraplyk toýuna häzirki günlerden ýokary derejede taýýarlyk görülýändiginiň ähmiýetli taraplaryny nygtamakdan ybarat boldy.
Maslahatyň beýleki bölümleri hem özüne berkidilen ýerlerde işlerini alyp bardylar. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda Watanymyz we halkymyz üçin bimöçber aladalar edýän, daşary döwletler bilen ysnyşykly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy hakynda ýagşy arzuwlar edildi.
Begmyrat Höwezow
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
4-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52