GARA MALLARYŇ GAN-PARAZIT KESELINIŇ EPIZOOTOLOGIÝASY WE OŇA GARŞY GÖREŞ ÇÄRELERI

822
Ýurdumyzyň tebigy howa şertlerine baglylykda maldarçylyk pudagynda gara mallara uly ykdysady zyýan berýän gan-parazit teýlerioz, piroplazmoz, babezioz we anaplazmoz ýaly kesellere gabat gelinýär. Bu kesellerden gara mallar üçin has zyýanlysy teýlerioz keselidir. Gara mallaryň teýlerioz keseli mallarda örän agyr geçip, ol esasan 1-2-aýlykdan 2,5 - 3 we ondan hem ýokary ýaşdaky mallarda ýüze çykýar. Teýlerioz bilen keselli ýaş mallar ösüşden galýar, baka goýulan mallar horlanýar, tohum öküzler höwre barmaýar, bogaz sygyrlar göle atýar. Keselli malyň bedeninde düýpli kliniki-gematologiki uýtgeşmeler bolup geçýär.  Ýagny, keselli malyň umumy beden gyzgynlygy kadadan birnäçe esse ýokarlanýar, ganda gemoglobiniň möçberi, eritrositleriň we leýkositleriň sany azalýar, malyň garyn-içege we nerw ulgamlarynyň kadalary bozulýar. Keselli mallara wagtynda bejeriş kömegi berilmese, mallaryň ýitgisi has ýokary bolýar. Gara mallaryň beýleki gan-parazit keselleri hem şuňa meňzeş agyr görnüşlerinde geçýär.
Gara mallaryň gan-parazit keselleri dünýäniň köp ýurtlarynda, ýagny, Gazagystanda, Özbegistanda, Tajigistanda, Gyrgyzstanda, Russiýa federasiýasynda we beýleki birnäçe döwletlerde, şeýle hem biziň ýurdumyzda giňişleýin ýaýrandyr. Bu kesele garşy göreş çärelerini işläp düzmekde we önümçilige ornaşdyrmakda biziň ýurdumyzyň alymlary birnäçe ylmy-barlag işleri ýerine ýetirdiler. Alymlaryň geçiren ylmy-barlag işleri belli bir derejede netije berendigine garamazdan, gara mallaryň gan-parazit keselleriniň maldarçylyk hojalyklaryna ýetirýän zyýany häzirki wagytda dowam edýär. 
Soňky ýyllarda gara mallaryň gan-parazit keselleriniň epizootologiýasy düýpgöter üýtgedi. Sebäbi, ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň giňelmegi bilen suwarymly ýerler köpeldi. Öňki gurak meýdanlarda çygly suwarymly ekerançylyk ýerleriň emele gelmegi bilen öň gabat gelmeýän piroplazmoz, babezioz ýaly gan-parazit keselleriniň geçirijileri bolan Boophilus calcaratus sakyrtgalaryň täze ojaklarynyň döremegine getirdi. 
Gara mallarda teýlerioz keseline diňe ýaz-tomus paslynda däl-de, eýsem gyş paslynda hem  gabat gelinýär.   Munuň sebäbi, teýlerioz keseliniň esasy geçirijileri bolan Hyalomma urugyna degişli sakyrtgalaryň mal jaýlarynda, agyllard+a ýaşamaga we köpelmäge uýgunlaşyp, mallara howanyň sowuk döwürleri hem hüjüm edip, mallarda teýlerioz keseliniň döremegine getirýär. Şol sebäpli, gan-parazit keselleriniň öňüni almak üçin kesel geçiriji sakyrtgalara garşy göreşmek  zerurlygy howanyň sowuk döwürlerinde hem ýüze çykýar. 
Häzirki wagtda zyýanly mör-möjeklere we sakyrtgalara garşy insektoakarisid derman serişdeleriniň dürli görnüşleri önümçilige hödülenilendir. Olar köplenç ergin görnüşde bolup, mallary pürkmek ýa-da suwa düşürmek usulda, esasan howanyň maýyl wagtlarynda ulanylýar. Howanyň sowuk möwsüminde mallary dermanlaryň ergini bilen suwa düşürip dermanlamak amatsyzdyr. 
Bu maksat üçin gara mallary, mal ýataklaryny, agyllary dermanlamakda esasan gury usul, ýagny gury külke görnüşli dermanlar ulanmak bähbitli bolup durýar. Şonyň üçin Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary tarapyndan düzüminiň esasy bölegi ýerli çig mallardan bolan, iksod sakyrtgalaryna we mallaryň beýleki daşky ektoparazitlerine garşy “Bentofos” atly külke görnüşli insektoakarisid derman serişdesi işlenip taýýarlanyldy we önümçilige hödürlenildi.
“Bentofos” – derman serişdesi ak reňkli, külke görnüşli bolup, onuň düzümi göwrüm emele getiriji (bentonit) we täsir ediji maddalardan (insektoakarisid) durýar. Bu derman serişde mallaryň we guşlaryň daşky parazitlerine, mal ýataklaryndaky, ýüň we deri ammarlaryndaky zyýanly mör-möjeklere, kesel geçiriji sakyrtgalara garşy ulanmak üçin niýetlenendir. Serişde haýwanlara täsir edijiligi  boýunça orta  zäherli dermanlaryň toparyna  girip,  III topara degişlidir. “Bentofos” külke derman serişdesi ýylyň ähli pasyllarynda mal ýataklaryny, ammarlary, mallary daşyndan sepmek ýa-da tozatmak usuly bilen ulanylýar.
Dermanyň  harçlanyş  möçberi  gara mallar üçin 150-250g, düýeler we atlar üçin 250-300g, dowarlar 30-50g deňdir.  Derman mal ýataklaryndaky sakyrtgalara, zyýanly mör-möjeklere garşy 1 inedördül metr meýdançasyna 200-250g möçberinde ulanylýar. Mal ýataklaryny, ýüň we deri ammarlaryny gaýtadan dermanlamak işleri zerurlyk ýüze çykanada 15-20 günden geçirilýär.
Çarymyrat Arazow
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk
uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa 
ylmy-önümçilik merkeziniň “Epizootologiýa” 
barlaghanasynyň müdiri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52