Ermenistanyň agrar uniwersiteti bilen onlaýn okuw maslahaty geçirildi
510Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde, daşary ýurt döwletleri bilen ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda oba hojalygynda, bilim we ylym ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli işjeňleşdirilýär. Ylym-bilim ulgamymyzda halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagy netijesinde, geljekde bu ugurlaryň dünýä belentliginde abraýynyň artjakdygy şübhesizdir.
Ylym-bilim babatynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiz daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri we iri kompaniýalaryň arasynda uzak möhletleýin ähtnamalar baglaşylýar. Häzirki wagtda bu ähtnamalar boýunça ikitaraplaýyn bähbitli, netijeli işler alnyp barylýar. Ýakynda uniwersitetimiziň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Ermenistanyň agrar uniwersitetiniň mugallymlaryň arasynda onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň temasy itlerde duşýan dürli keseller we olaryň öňüni almaklyk bolup, bu ugurda özara pikir alşyldy. Okuw maslahatynyň dowamynda uniwersitetimiziň weterinar lukmançylygy fakultetiniň mugallymy Gutly Goşaýew “Itlerde duş gelýän wirusly içgeçme keseli we onuň öňüni almaklygyň ylmy usullary” temasy boýunça çykyş edip, tejribeli mugallym öz çykyşynda bu ugurda alnyp barylýan işleri belläp geçdi. Soňra okuw maslahatyny onlaýn arkaly Ermenistan agrar uniwersitetiniň Epizootologiýa we parazitologiýa käfedrasynyň müdiri weterinar ylymlarynyň kandidaty, dosent Artur Mkrtçýan dowam etdirdi. Tejribeli mugallym öz çykyşynda itlerde duşýan ýiti we dowamly ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça alyp barýan işlerini beýan etdi. Şeýle-de ol öz çykyşynda geljekde ikitaraplaýyn bilelikde ylmy-barlag işleriň ähmiýetli boljakdygyny nygtady.
Mälim bolşy ýaly, uniwersitetimizde geljekki weterinar lukmanlaryny we kinologlary taýýarlamaklyk, talyp ýaşlarmyzy ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, öz hünärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmeklik babatynda professor- mugallymlarymyz yhlasly zähmet çekýärler. Elbetde, şular ýaly halkara derejesindäki okuw maslahatlarynyň gurnalmagy bolsa, talyp ýaşlaryň öz hünärlerine bolan höwesini artdyryp, ylym-bilim derejeleriniň has-da ýokarlanmagyna getirer.
Maksat Garýagdyýew
Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy