“Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegi” atly ylmy taslamalaryň bäsleşigi üstünlikli geçirildi
861Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny ösdürmek, türkmen ýaşlaryny ylym we döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän işleriň esasy mazmunynda ýaşlarmyzy ýokary derejeli, öz kärini kämil bilýän hünärmen edip ýetişdirmek wezipesi durýar.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji bolan ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, şeýle hem ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli ýakynda uniwersitetimizde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarynyň arasynda “Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegi” atly ylmy işleriniň we taslamalarynyň sergi bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige hödürlenen ýokary okuw mekdepleriň ýaş mugallymlarynyň we bagtyýar talyp ýaşlarynyň ylmy taslama işleri oba hojalygy we daşky gurşawy goramak bilen baglanşykly bolmagy bu pudagyň ýeten derejeleriniň we geljekde amala aşyryljak ähmiýetli işleriniň netijeli boljakdygyna güwä geçýär.
Çekeleşikli dowam eden bäsleşige ylmy taslama işleriň jemi 55 sanysy hödürlenip, olar ýokary derejede ýaş alymlar tarapyndan beýan edildi. Bäsleşige adalatly baha beren eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tejribeli hünärmenlerinden, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekillerinden ybarat boldy. Bäsleşige hödürlenen ylmy taslama işler önümçilik ähmiýeti, ekologiýa we daşky gurşawa zyýansyzlygy we ykdysady girdeýjililigi boýunça adalatly baha berip ýeňijileri ýüze çykaryldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan jemi 9 sany ylmy-taslama işlerine uniwersitetiň rektorlygy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle-de bäsleşikde “Iň gowy çykyş eden ýaş alym” hem-de “Iň gowy dizaýn işi” atlaryna mynasyp bolan ýaş alymlar gymmat bahaly sowgatlara eýe boldular. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri, biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gülbahar Mämmetnurowa bäsleşikde birinji orna, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy Amanmuhammedow Batyrmuhammet ikinji orna mynasyp bolmagy uniwersitetimizde ylmy-barlag işleriniň ýokary netijede alnyp barylýandygynyň subutnamasydyr.
Öwezgylyjow Kuwwatmyrat
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Işgärler we ýörite bölüminiň hünärmeni