Uniwersitetimiziň mugallymy we talyplary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldular
839Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ählisinde halkymyzyň bähbidini duýmak bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen dürdäne sözleri bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan täze döwrümizde esasy ornuň ýaşlara ynanylmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň oňyn durmuşa geçirilýändigini aňladýar. Häzirki döwürde kalplary watan söýgüsinden doly türkmen ýaşlary ylym-bilimde, sport, medeniýet, oba hojalygy hem-de ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýokary netijeleri gazanyp, türkmen tuguny al asmanda parladýarlar. Olaryň gazanýan her bir üstünligi bolsa döwletimiz tarapyndan yzgiderli höweslendirilýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň noýabr aýynyň 16-na Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurlyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän bu bäsleşik şu ýyl aýratyn öwüşgine eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýele hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünliklerini, ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezenligi üçin “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi” diýen hormatly ada mynasyp bolanlaryň arasynda biziň uniwersitetimiziň ýaşlarynyň bolmagy guwandyryjydyr. Has takygy, uniwersitetimiziň Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň mugallymy Daýanç Reýimow, Oba hojalygyň ykdysadyýeti we dolandyrlyşy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Ýaran Hudaýberdiýew hem-de Oba hojalygyň mehanizasiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Begmyrat Myratmuhammedow “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri” diýen hormatly ada mynasyp boldular. Baýramçylyk dabarasynda ýeňijiler ýörite şahadatnamalar we Arkadagly Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Şular ýaly bäsleşiklere gatnaşyp, mynasyp çykyş edip ýeňiji bolmaklyk elbetde her bir türkmen ýaşlarynyň ýürek arzuwy. Şol arzuwa ýetmek üçin bolsa islendik alnyp barylýan işde üstünlik gazanyp, ýokary netijeleri görkezmek zerur bolup durýar. Biz hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agzybir professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bolup, “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri” diýen hormatly ada mynasyp bolan ýeňijileri, aýratynam öz ýeňijilerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Baýramyňyz we baýragyňyz gutly bolsun ýeňijilermiz!
Ahmet Nurmuhammedow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy,
uniwersitetiň Magtymguly adyndaky
ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy