“Şalyçylyk Federal ylmy merkeziniň” wekilýetiniň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine iş sapary
586Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde, daşary ýurt döwletleri bilen ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda oba hojalygynda, bilim we ylym ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli işjeňleşdirilýär. 2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet býujet ylmy edarasy “Şalyçylyk Federal ylmy merkeziniň” direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji S.Garkuşanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Russiýa Federasiýasynyň “Şalyçylyk Federal ylmy merkeziniň” S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen ylmy-barlag işlerini we halkara taslamalaryny ýerine ýetirmek hem-de ylmy konferensiýalara gatnaşmak barada hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça maslahatlar edildi.
Soňra, bellenen tertipde ylalaşylan meýilnama laýyklykda, oba hojalyk ylymlarynyň doktorlary, Russiýa Federasiýasynyň Şalyçylyk Federal ylmy merkeziniň direktory Sergeý Garkuşa we şol merkeziň direktorynyň orunbasary Wiktor Kowalew tarapyndan şalyçylyk pudagyny ylmy esasda ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary bilen umumy okuw sapagyny geçirdiler. Täsirli geçen okuw sapagynyň dowamynda, özara gyzyklanma bildirilýän intensiw tehnologiýalar esasynda şalyny ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy we olary zyýan berijilerden goramagyň häzirki zaman usullary barada netijeli sorag-jogap alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda, Russiýa Fedrasiýasynyň wekilýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektoryna gyzgyn garşy alandyklary hem-de türkmen halkynyň myhmansöýerligi üçin özüniň sag bolsunlaryny aýtdylar.
Şunun bilen bir hatarda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow hem-de Russiýa Federasiýasynyň “Şalyçylyk Federal ylmy merkeziniň” wekilleri Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan hökümetara ylalaşygyň çäklerinde, iki ýurduň bilim we ylmy edaralary bilen özara bähbitli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn tejribe alyşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar hem-de Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman bolmagyny dileg etdiler!
P.Kakaýew
Dänäni gaýtadan işlemek hünäriniň 3-nji ýyl talyby