Hasyl toýy – bolçulygyň, bereketiň toýy
6422022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde – Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Uniwersitetimizde geçirilen Hasyl toýy mynasybetli çäreler uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ajaýyp baýramçylyk dabarasyna tomaşa etmäge uniwersitetimiziň professor-mugallymlary, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Bilşimiz ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalyk ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek üçin birnäçe kanunlar, kararlar kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk syýasaty ugrunda alyp barýan işleriniň esasy maksady – ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden, ak bazarlarymyzy oba hojalygyna degişli bolan ter miwe, gök-bakja önümleri bilen dolduryp, halkymyzyň bolelin ýaşaýşyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar.
Daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň bereketini alamatlandyrýan Hasyl toýy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilip geçilýär. Oba zähmetkeşleriniň gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüne gelýär.
Hasyl toýy orak, ekerançylyk we pagta ýygymy möwsüminiň tamamlanandygyny aňladýar. Şonuň üçin esasy dabaralar oba hojalyk işgärlerine, daýhanlara, mülkdarlara, agronomlara we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşlerine bagyşlanýar.
Hasyl toýy mynasybetli geçirilen bu dabara aýratyn hem talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Olar dürli ugurlar boýunça çykyş etdiler. Ýagny, talyp ýaşlarymyz gysga sahna eserleri, çeper okaýyş, aýdym-sazly çykyşlar esasynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de, bu dabarada oba hojalyk ulgamynyň dürli ugurlaryna degişli bolan baýramçylyk sergisi hem gurnaldy.
Umuman, biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde geçirilen bu çäräniň esasy maksady – Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamynda geçirýän özgertmelerini netijeli dowam etdirmekden we bolçulygyň hem bereketiň toýy hasaplanýan Hasyl toýuny dabaralandyrmakdan ybarat boldy.
Däp bolşy ýaly, dabaranyň ahyrynda uniwersitetimiziň ,,Altyn asyr” medeniýet merkeziniň talyplar topary gadymy ,,Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, oba hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekmek üçin ökde hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmekde talyp ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän şeýle mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde mynasyp işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlaryny aýdyp, oňa jan saglyk, uzak ömür, işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler
Maýa Amanowa
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy