«Maşgala mukaddesligi – halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir»

723
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynda: «Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr» diýip, öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şeýle-de ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine  bolan söýgi döretmek maksady bilen, «Maşgala mukaddesligi – halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» ady bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2022-nji ýylyň  noýabr aýynyň 8-ne talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa uniwersitetimiziň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. 
Çäräniň alyp baryjysy degişli gulluklaryň wekilleri bilen tanyşdyryp, olara çykyş etmek üçin söz nobatyny berdi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Ilkinji Zenanlar guramasynyň, wekilleri Uniwersitetimiziň professor-mugallymlary çykyş etdiler. 
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, maşgala gymmatlygy hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek bilen bagly birnäçe degerli maslahatlary çärä gatnaşyjy mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň aňyna ýetirdiler. Has dogrusy, olar häzirki döwürde gurulýan maşgalalar, maşgala bolup ýaşap başlanylandan soň döreýän meseleler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Myhmanlar maşgalanyň çylşyrymly we köptaraply hadysa bolmak bilen, jemgyýetiň iň möhüm gymmatlyklarynyň biri bolup, öz mazmunynda jemgyýetçilik, syýasy, ruhy, ahlak, medeni, taryhy we beýleki bölekleri birleşdirýändiklerini hem belläp geçdiler.
Mundan başga-da, çärede çykyş edenler ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikleri nygtamak bilen, ilkinji nobatda milli ýörelgelere eýermek, düzgün-tertipleri berk berjaý etmek, howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetirmek boýunça maslahatlary berdiler. Myhmanlar öz çykyşlarynda döwlet syýasatymyzy goldap, talyplary köpçülikleýin döredijilik işlerine çagyrdylar. Esasan hem, häzirki wagtda ýaşlarymyzyň döwrebap sanly tehnologiýalardan baş çykaryp bilmekligi, jemgyýetimiz üçin täze hyzmatlary ýerine ýetirip bilmekdäki aýratynlyklary dogrusynda aýtdylar. Şeýle-de, wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda dürli hukuk bozulmalaryň öňüni almak hem-de maşgala gymmatlygy barada birnäçe wideo ýazgylar hem görkezildi. 
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirýän toplumlaýyn işleri üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli we ylym-bilimli bolmaklary üçin Hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryna talyplaryň adyndan sag bolsunlar aýdylyp, wagyz-nesihat çäresi tamamlandy.
Hojamyradow Ýazmyrat
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52