YLYMLY ÝAŞLAR-WATANYMYZYŇ NURANA GELJEGI

539
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmelerini Arkadagly Serdarymyz mynasyp dowam etdirip, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzda halkymyzyň döwrümize buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda hormatly Prezidentimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Ýüzleri nurana, kalplary hyjuwdan doly türkmen halkymyz döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, özleriniň irginsiz zähmetleri bilen döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Biziň ýurdumyzda ýaşlar hakynda alada Döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýan ilkinji aladalaryň biridir.  
Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň geljegi bolan ýaş nesilleri ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, watansöýüji ýaşlar edip terbiýelemek ugrunda yzygiderli işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Ýurt baştutanymyz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda: “Ýaşlar ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Mekdep okuwçylarymyz we talyp ýaşlarymyz abraýly halkara bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin berk binýadyň döredilýändigini aýdyň görkezýär” diýip bellemegi, ýaşlarymyza bildirilýän ynamyň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýär.
31-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi:Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim Ministrligi bilen birlikde Halkara durnukly şäherler güni mynasybetli galyndylary gaýtadan ulanyp önümleri öndürmegiň innowasion usullaryny işläp-taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işleriniň bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşik esasan Ekologiýa, Senagat ekologiýasy we agroekologiýa ugurlaryna gönükdirilen görnüşde geçirildi. 
Bu bäsleşige biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Ý.Hudaýberdiýew we S.Muhammedowa gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler. Esasanda bu bäsleşige Ý.Hudaýberdiýew özüniň “Suwuň ikinji peýdasy” atly ylmy-taslamasy bilen gatnaşyp eminleriň ýokary derejedäki bahasyna mynasyp boldy. Onuň çykyşynda bir gezek ulanylan suwlary durmuşda ikinji gezek ulanmaga mümkinçiligiň bar ýerlerini açyp görkezýän birnäçe mysallar getirildi. Suwy ikinji gezek ulanmaklyk hem az çykdaýjyny talap edýär hem-de adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirýär. 
Ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän şeýle bäsleşiklere biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden mynasyp peýdalanyp, ylym dünýäsine has çuň aralaşyp döwletimiziň ösüşine öz goşandyny goşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.  
Orazdurdyýewa Oguljeren
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52