,,Zenan – ýaşaýşyň gözbaşy” atly wagyz-nesihat duşuşygy

631
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin, şeýle-de olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek we milli gymmatlyklarymyzy ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, birnäçe wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.
Hut şu mynasybetli, 2022-nji ýylyň 2-nji noýabrynda biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde ,,Zenan – ýaşaýşyň gözbaşy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu wagyz-nesihat duşuşygy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýüniň gurnamagynda talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirildi.
Bilşimiz ýaly, türkmen halky maşgala uly sarpa goýýar, ony mähriň, mukaddesligiň ojagy hasaplaýar. Türkmen maşgalasynda perzent terbiýesi, edep-görelde görkezmek, öý-ojagyň esasy aladalary aýal maşgalanyň gerdenine düşýär. 
Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny demokratiýanyň ählumumy ýörelgeleriniň halkymyzyň milli ruhy däpleri bilen sazlaşykly ösüşinde kemala gelýär. Biziň ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň sagdyn bolmagy üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Zenanlar ýurdumyzyň islendik pudagynda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Maşgala ojagynyň mukaddesligi, enä we maşgaladaky ululara bolan söýgi we olara hormat goýmak, geçirimlilik, sadalyk we zähmetsöýerlik ýaly biziň halkymyz üçin adaty bolan ahlak häsiýetleri öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyzda zenan maşgalanyň sarpasy örän belentden tutulýar.
Wagyz-nesihat çäresiniň başynda uniwersitetimiziň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Ahmedowa Gülnar ýygnaga gatnaşýan ýokary wezipeli wekiller we mugallymlar bilen tanyş edip, duşuşygyň gün tertibi bilen tanyşdyrdy. Soňra ilkinji bolup çykyş etmek nobaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy A.Durdyýewanyň paýyna düşdi. Ol öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli, beden taýdan sagdyn, arassa ahlakly bolmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, şu maksat bilen wagyz-nesihat işlerini geçirmekligiň, yzygiderli maslahatlar bermekligiň möhümdigini belledi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler hersiniň öz alyp barýan işleri bilen baglylykda birnäçe möhüm maslahatlary,  ähmiýeti ýokary bolan wagyz-nesihat işlerini talyp ýaşlaryň aňyna ýetirdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň  çäklerinde hereket edýän Hukuk kadalary, milli kanunçylygyň zerurlygy, Ýol hereketleriniň kadalary, sagdyn durmuş ýörelgesi, ýaramaz endiklerden daşda durmak, edep-ekram, zähmet, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, ýokanç keselleriň önüňi almak barada hem degerli maslahatlar berildi.
Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzyň ähli eneleriniň, gelin-gyzlarynyň ýürek sesine, alkyşlaryna goşulyp, zenan mertebesine goýýan uly sarpasy üçin belent mertebeli Arkadagly Serdarymyza  jan saglyk, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk, maşgala abatlygyny arzuw etdiler. Zenan mertebesini, eneleriň hatyrasyny belent derejelere göteren, durmuşymyzy mähir hem alada bilen gurşan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy hakynda ýagşy dilegler edildi!
Gülbagt Höwezowa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 
uniwersitetiniň mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52