In Vitro- deň hasyllylyk we ösüş

495
Häzirki wagtda alymlaryň açyşlary we oýlap tapyşlary ylmyň belli bir çäginiň ýokdygyny görkezýär. Onlarça ýyl mundan ozal göräýmäge hyýaly hasaplanylan zatlar bu günki gün ylmy taýdan subut edilip, hakykata öwrülýär. Biz klonirleme sözüniň hakykata däl-de hyýaly tarapa has ýakyndygyna düşünsegem alymlar bu babatda belli bir netijeleri gazanýarlar. Has takygy genetiki taýdan birmeňzeş bolan ösümlikleri “In Vitro” usulynda köpeltmek indi biziň ýurdymyzda hem ylmy taýdan amala aşyrylýar. 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde şenbe güni geçen ylmy-amaly maslahat bu gezek ösümlikleri “In Vitro” usulynda köpeltmeklige bagyşlandy. Genetiki taýdan birmeňzeş ekin materialyny almaklyk boýunça geçirilen maslahat oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Ylmy-amaly maslahatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň Biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Mahym Nepesowa çykyş etdi. Tejribeli hünärmen ösümlikleri “In Vitro” usulynda köpeltmekligiň genetiki taýdan birmeňzeş ösüşli we hasylly, dürli kesellere garşy durnukly ösümlikleri almakda, köpelişiň adaty usullary arkaly kynlyk bilen köpelýän ösümlikleri aňsatlyk bilen köpeltmekde we olardan çalt hasyl almakda artykmaçlyklary hakynda gürrüň berdi. Şeýle-de hünärmen häzirki wagtda barlaghanada pawloniýa, üzärlik, Türkmen selmelegi (mandragora) ýaly ösümlikleriň  “In Vitro” usulynda üstünlikli köpeldilýandigini, munuň üçin iki aýyň ýeterlikdigini, geljekde bu görkezijini bir aýa çenli gysgaltmak ugrunda işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdi.  
Maslahata gatnaşan telekeçiler we ekerançy daýhanlar “In Vitro” usulynda ösümlikleri köpeltmekligiň geljeginiň örän ähmiýetlidigini we ony barlaghana şertlerinde däl-de eýsem önümçilikde ulanmaga taýýardyklaryny buýsanç bilen nygtadylar. Mundan başga-da bu usulda köpeltmek arkaly ýurdumyzda ýitmek howpy abanýan ösümlikleri köpeldip, ýitmek howpyny aradan aýryp boljakdygyny aýtdylar. Gyzykly we ylmy taýdan ähmiýetli geçen maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar bu hakynda özara pikir alyşdylar we indiki maslahatyň ýyladyşhana şertlerinde pomidor ösümligini dürli usullarda ösdürip ýetişdirmeklik hakynda bolmagyny teklip berdiler. 
Muhammetnazar Çaryýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 
uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek
hünäriniň 4-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm