Maslahat ekerançylykda sanly ulgam monitoringi hakynda

487
Eziz watanymyzyň agrosenagat pudagynyň güýçli depginler bilen ösmegi ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ýokary önümçiligi talap edýär. Bu ugurda alynýan dürli çig mallaryň bolsa ilkinji nobatda ekologiýa taýdan arassalygy we ýokary hilliligi zerur bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurlan we gurulýan kärhanalarda, zawod-fabriklerde hem-de daşary döwletlerden getirilýän tehnikalarda we enjamlarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylan. Bu mümkinçilikleri dogry we dürs ulanmaklyk döwrebap ylymly-bilimli, başarjaň hünärmenleriň elindedir.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni geçirilýän ylmy-amaly maslahatymyzyň esasy maksady ylym-bilim ulgamyny önümçilik bilen utgaşykly alyp barmaklyk bolup durýar. Geçirilen täsirli maslahatymyzyň bu gezekki temasy “Ekerançylykda sanly ulgam monitoringi” diýlip atlandyryldy. Sanly oba hojalyk we sanly bilim ulgamlaryna bagyşlanan bu maslahata bu gezek Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, köpçülikleýin habar serişdeleriniň agzalary, diňe uniwersitetimiziň däl-de eýsem beýleki ýokary mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, hat-da mekdep okuwçylary hem gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatymyzyň başynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň uly ylmy işgäri Nikolaý Nikolaýew çykyş edip, onuň çykyşy takyk ekerançylyk hakynda boldy. Ylmy işgär öz çykyşynda topragyň ýagdaýyny anyklamak, topragy dökünlemegi dogry ýerine ýetirmek we hasyllylygy kesgitlemek ýaly meseleleri emeli hemralar arkaly çözüp boljakdygyny aýratyn belledi.  
Soňra maslahatymyzy “Akylly tilsimat” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Rustam Martirosýan dowam etdirdi. Hünärmen öz çykyşynda ekerançylygy sanly ulgam arkaly dolandyrmakda AT Logistika programmasynyň ähmiýeti hakynda gürrüň berdi. Myhman häzirki wagtda daşary döwletlerden ýurdumyza getirilýän tehnikalarda ýörite ölçeýjiler ornaşdyrylyp, AT Logistika programmasynyň üsti bilen tehnikalaryň ýerleşýän ýerini, işleýiş tizligini we onuň sürüjisi barada maglumatlary almak mümkinçiliginiň bardygyny belledi. Soňra ylmy-amaly maslahaty Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň sanly ulgam bölüminiň müdiri Maksat Atageldiýew dowam etdirip, onuň çykyşy ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda tapgyrlaýyn sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylyşy we onuň daýhanlara we maldarlara ähmiýeti dogrusynda boldy. 
Gyzykly we täsirli geçen maslahatyň ahyrynda çykyş edenlere minnetdarlyk bildirlip, indiki maslahatyň ösümlikleri “in vitro” görnüşinde köpeltmek boýunça geçirilmegini teklip berdiler. 
Jemşit Şyhyýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 5 -nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm