Esasy maksat-toprakdan bol hasyl almaklyk

506
Hormatly Prezidentimiziň häzirki wagtda amala aşyrýan beýik işleri ilkinji nobatda halkymyzyň bolelin, asuda, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bolelinligiň sakasynda bolsa, bereketli topragymyzyň bol hasyllylygy hem-de ondan alynýan ýokary hili we howpsyz önümleri durýar. 
Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň batly gadamlar bilen ösmegi netijesinde toprakdan bol hasyl almaklygyň döwrebap agrotehniki usullary giňden peýdalanylýar. Bir tarapdan topragy baýlaşdyrmaklygyň we zyýankeşlere garşy göreşmekligiň himiki usullary giňden peýdalanylsa, beýleki bir tarapdan topragyň özüniň organiki dökünler arkaly gurplanmagyny we zyýan berijilere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak esasy maksat bolup durýar. 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni geçirilýän ylymlar günümiziň bu gezekki temasy organomineral dökünlerine bagyşlandy. Ylmy-amaly maslahatymyzda ilkinji bolup, uniwersitetimiziň Agrohimiýa we topragy öwreniş kefedrasynyň mugallymy Kemal Ýusubow çykyş etdi. Mugallymyň çykyşy biogumusyň topragy baýlaşdyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda boldy. Şeýle-de ýaş mugallym biogumusy almakda wajyp bolan Kaliforniýa gurçugynyň biologiýasy, onuň iýmitlendirliş we saklanyş aýratynlyklary hem-de biogumusy almaklygyň usullary we şertleri dogrusynda durup geçdi.
Soňra ylmy-amaly maslahaty uniwersitetimiziň ylym bölüminiň hünärmeni Kadyr Amanow dowam etdirip, ol oba hojalyk guşlarynyň tezegini gaýtadan işläp alynýan organomineral döküni almak boýunça geçirilýän ylmy barlag işleri we onuň netijeleri hakynda gürrüň berdi. Hünärmen özüniň alyp barýan ylmy-barlag işiniň ýurdumyzda ornaşdyrmak mümkinçiliginiň ýokarydygyny belledi. 
Täsirli geçýän maslahaty soňra Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Timur Geldiýew dowam etdirdi. Telekeçi öz çykyşynda “Nouri vit” kompaniýasy we onuň öndürýän topragyň hasyllylygyny artdyrmaklygy niýetlenen organiki önümleri bilen tanyşdyrdy. Çykyşlardan soňra maslahata gatnaşyjylar özara pikir alyşdylar. Şeýle-de netijeli hem-de gyzykly maslahatyň  indiki temasynyň intensiw usulda karlik miweli baglaryny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanşykly bolmagyny teklip berdiler. 
Allaberdiýewa  Mahym
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Agrohimiýa we topragy öwreniş  
kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm