Güýzüň ilki güni – bilimiň güni!

800

,,Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat” diýlişi ýaly, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda 1-nji sentýabr - ,,Bilimler we Talyp ýaşlar güni” mynasybetli dabara bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň ähli ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hem giňden ýaýbaňlandyryldy.
Bu baýramçylyk dabarasyna 2022-2023-nji okuw ýylynyň ilkinji talyplary, uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Şeýle-de, ,,Bilimler we Talyp ýaşlar güni” mynasybetli baýramçylyk we ylym-bilim äleminde uniwersitetimiziň gazanan üstünlikleriniň giňişleýin sergisi gurnaldy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşmaga gelen myhmanlar, uniwersitetimiziň professor-mugallymlary, şeýle-de talyp ýaşlar dabaranyň dowamynda bu sergä işjeň gatnaşdylar. Aýdym-sazly çykyşlar bu dabara has-da öwüşgin çaýdy. Uniwersitetimizi tamamlan uçurym ýaşlar täze okuwa gelen talyp ýaşlara baýramçylyk mynasybetli jaňy we açary gowşurdylar.
Bilşimiz ýaly, altyn güýzüň ilkinji güni – 1-nji sentýabr – ýurdumyzda dabara bilen bellenilip geçilýän baýram, ýagny ,,Bilimler we talyp ýaşlar güni”.
Bu baýramda hemmeleriň ýüzi şuglaly, maksatlary aýdyň, menzilleri bolsa öňe tarap ilerleýär. Ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary baýramçylyk lybasyna bezelip, täze okuw ýylyny uly buýsanç bilen garşy alýarlar. Hünäre ymtylýan ýaşlar üçin ýörite we ýokary okuw mekdepleri gapysyny giňden açýarlar. Edil şol pursatdan hem ylym we bilim dünýäsine bolan uly söýgi başlanýar.
Bilimler we talyp ýaşlar gününiň, ýagny täze okuw ýylynyň başlanmagynyň dabara bilen bellenilip geçilmegi ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasyndaky ajaýyp wakadyr. ,,Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzyň ähli bilim işgärlerine ylymda-bilimde uly üstünlikleri gazanyp, okuwçylara we talyp ýaşlara bolsa netijeli ösüşleri gazanyp, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris.
Täze okuw ýylyňyz düşümli bolsun, mähriban mugallymlar, eziz talyp ýaşlar we gadyrdan okuwçylar!

Gülbagt Hajyýewa
S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk    
uniwersitetiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm