Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli uniwersitetimizde ylmy-amaly maslahat geçirildi

574


Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli alyp barýan syýasatynyň netijesinde Garaşsyz Watanymyzda halkymyzy buýsandyrýan we galkyndyrýan, döwletimiziň at-abraýyny dünýäniň öňünde arşa göterýän şanly wakalar örän köp. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Watanymyzda ylymy we bilimi ösdürmeklige, dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýasyny durmuşa ornaşdyrmaklyga giň ýol açylýar.

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ýaş hünärmenlerine bildirýän ýokary talabyny ödeýän, öz işine ökde, jan aýaman zähmet çekjek, päk ahlakly, ezber hünärmenleri taýýarlamak olara ylym-bilim berýän, okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmagy, bilim bermegiň täze tehnologiýalaryna daýanmagy başarýan mugallymlara köp derejede baglydyr. Şeýle bolansoň, ýurdymyzyň we dünýäniň ösýän talaplaryndan ugur alyp, biz ylym-bilim işgärleri öz hünär ugurlary boýunça jan aýaman zähmet çekmelidiris. Bu işleri abraý bilen ýerine ýetirmekde bolsa ýurdumyzda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellemelidiris.

Tomus paslynyň tamamlanmagy bilen mekdep okuwçylarynyň, talyp-ýaşlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan pursady ýagny, täze okuw ýyly batly, täze gadam bilen gelip ýetýär. Elbetde, ilkinji gezek orta mekdebe ýa-da ýokary we ýörite orta mekdebine gadam basýan her bir türkmen ýaşlarynyň bu günki gün kalplary buýsançdan doly. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hem baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Dabarada ýokary okuw mekdebimiziň talyplar hataryna şu ýyl kabul edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyp ýaşlary özleriniň buýsanç sözlerini beýan etdiler. Bu ýerde ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymlarda, gutlaglarda we çeper okaýyşlarda bolsa Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri beýan edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýaş mugallymlara ajaýyp durmuşda, asuda-abadan, bolelin watanymyzda ýaşamagymyz päk zähmet çekmegimiz üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Goý Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda batly gadamlar bilen başlanan täze 2022-2023-nji okuw ýylymyz hem üstünliklere beslensin!


Daýanç Reýimow

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

weterinar lukmançylygy fakultetiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm