,,Ýaşlar geljegimiziň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi we ýagty geljegidir” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

775

2022-nji ýylyň 30-njy iýunynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ,,Ýaşlar geljegimiziň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi we ýagty geljegidir” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresine uniwersitetimiziň Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlar we olar barada edýän tagallalary dogrusynda öz pikirlerini beýan etdiler.
Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň islendik ulgamynda uly ösüşler, öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzda aýratyn hem ýaşlar, olaryň kämil ylym-bilimi, hünär derejesi barada yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyz her bir ýaş nesilleri ýurdumyzyň geljegi hasaplaýar. Hut şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyz ,,Binýat berk bolanda, bina baky bolýar” diýip, örän ýerlikli belleýär. Şu ajaýyp jümleden ugur alsaň, şu günki ýaş nesilleriň ylym-biliminiň, olaryň döredijilikli dünýäsiniň berkden tutulanda, geljekde hem uly ösüşleriň gazanylyp boljakdygy barada aýdylýar. Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, täze tehnologiýalardan baş alyp çykmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bn ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy ýokarlandyrylýar.
Şeýle-de, eziz Diýarymyzda ýaşlar syýasaty barada maksatnamalar hem kabul edildi. Bu bolsa, döwrüň talabyna laýyk gelýän, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olaryň okamagy we zähmet çekmegi üçin oňyn şertleri döretmekde möhüm resminama bolup durýar. Kabul edilen maksatnamada ýaşlaryň saglygyny goramaga, telekeçilik bilen meşgullanmaga, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeklerini gazanmaga, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna goldaw bermek üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Umuman, biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde geçirilen bu wagyz-nesihat çäresiniň esasy maksady – Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini netijeli dowam etdirmekden, ýaş nesillerimiziň barha kämilleşmegine itergi bermekden, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara berýän goldaw-hemaýatlaryna mynasyp zähmet çekip, ýurdumyzy ösdürmek üçin wajyp işleri alyp barmakdan ybarat boldy.
Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň kämillik ýolunda öňe ilerlemegi üçin mynasyp işleri durmuşa geçirmekde oňyn işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlaryny aýdyp, oňa jan saglyk, uzak ömür, işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler!

Gülbagt HAJYÝEWA,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52