,,Talyp joşguny – 2022: döredijilik festiwaly”

779

2022-nji ýylyň 3-nji iýunynda biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde – Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ,,Talyp joşguny – 2022” atly döredijilik festiwaly geçirildi.
Biziň uniwersitetimizde geçirilen ,,Talyp joşguny – 2022: döredijilik festiwaly” uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bu döredijilik festiwalyna tomaşa etmäge uniwersitetimiziň professor-mugallymlary, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Bilşimiz ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösmeginde döredijiligiň örän uly täsiri bardyr. Çünki, döredijilik bilen meşgullanmak öz ukyp-başarnygyny açyp görkezmekdir. Şol başarnyklaryň kemala gelmegi üçin bolsa, yzygiderli zehin siňdirip, şol zehiniň netijesinde kemala gelen tejribeleri paýlaşyp bilmek, olary halk köpçüligine ýetirmek zerurdyr. Hut şu mynasybetli, biziň abraýly Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiz döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen döredijilik festiwallaryny, bäsleşiklerini yzygiderli gurnaýar. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa, talyplaryň ylym-bilim we döredijilik dünýäsi bilen giňden meşgullanmaklaryna ýardam edýär.
Bu döredijilik festiwalyna gatnaşan talyp ýaşlar dürli ugurlar boýunça çykyş etdiler. Ýagny, talyp ýaşlarymyz gysga sahna eserleri, çeper okaýyş, aýdym-sazly çykyşlar esasynda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Umuman, biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde geçirilen bu çäräniň esasy maksady – Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini netijeli dowam etdirmekden we halkymyzyň baý sungatyny açyp görkezmekden ybarat bolup, ýaş nesillerimiziň barha kämilleşmegine uly itergi boldy.
Däp bolşy ýaly, dabaranyň ahyrynda uniwersitetimiziň ,,Altyn asyr” medeniýet merkeziniň talyplar topary gadymy ,,Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirdiler.
,,Talyp joşguny – 2022” atly döredijilik festiwalyna gatnaşan talyp ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän şeýle mümkinçiliklerine we ýaşlaryň kämillik ýolunda öňe ilerlemegi üçin mynasyp işleri durmuşa geçirmekde oňyn işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlaryny aýdyp, oňa jan saglyk, uzak ömri, işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler!

Gülbagt HAJYÝEWA,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52