Uniwersitetimizde Ýeňiş güni mynasybetli maslahat geçirildi
590XX-nji asyryň iň pajygaly, iň gazaply, gan döküşikli uruşlarynyň biri bolan Beýik watançylyk urşy adamzadyň taryhynda ýatdan çykmajak aýylganç wakalaryň biri boldy. 1941-1945-nji ýyllarda bolup geçen bu urşa türkmen halkymyzyň edermen, merdana ýigitleri doganlyk halklarynyň wekilleri bilen egin-egine berip, janyny gaýgyrman söweş meýdanynda gaýduwsyzlyk bilen watançylyk duýgusynyň belent nusgasyny görkezdiler.
Ýer ýüzüni gurşap alyp özüniň erbet täsirleri bilen taryha ýazylan bu uruş 1418 gije-gündizläp dowam etdi we şol wagt aralygynda hem her ýyl ýaşy ýeten türkmen ýigitleri hem söweş meýdanlaryna çekildi. Urşyň ilkinji günlerinden eýýam türkmen mert ýigitleri özleriniň gaýduwsyzlygyny we mertligini görkezdi. Ýagny, görkezen edermenligi netijesinde Gurban Durdy Sowet Soýuzynyň ilkinji Gahrymany diýen adyny aldy. Başga-da birnäçe ýigitlerimiz görkezen gahrymançylygy üçin Gahryman diýen belent ada, söweş ordenlerine hem-de medallaryna mynasyp bolup, merdanalygyň belent mekdebini döretdiler. Olar ýeňişe çenli dürli ýerlerde söweş meýdanlarynda özüniň janyny orta goýup Watany il-gününi gaýduwsyzlyk bilen goradylar we garaşylýan beýik ýeňişe ýetdiler.
Näçe ýyl geçse-de Watan goragyna aýaga galan gahrymanlaryň edermenligi türkmen halkynyň hakydasynda we ýüreklerinde mydamalyk saklanýar. Şu ýyl 1941-1945-nji ýyllaryň uruşynyň Ýeňiş bilen tamamlanmagyna 77 ýyl dolýar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolýar. Şol mynasybetli 6-njy maýda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde proffessor mugallymlaryň, myhmanlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Pederlerimiziň gahrymançylygy ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň nusgasydyr” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler özleriniň çykyşlarynda Beýik watançylyk urşy ýyllarynda urşuň gidişi, türkmen gahrymanlarynyň görkezen edemenlikleri şeýle-de söweşe gidenleriň yzlarynda – tylda galanlaryň görkezen watansöýüjilikleri we zähmetsöýerligi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen halkynyň taryhynda we ýüreklerinde öçmejek ýara salan bu nägehan urşuň dowam edýän ýyllarynda tylda galan garrylar, aýal-gyzlar watan goragyna giden ogullarynyň, ýanýoldaşlarynyň sarpasyny saklap özleriniň mertligi we çydamlylygy bilen ähli zatlaryny orta goýup zähmet çekdiler. Beýik ýeňişe we gidenleriň gaýdyp gelerine bolan çäksiz ynam hem-de frontdakylaryň hatyrasyna Goranmak gaznasyna 7392 kilogram altyn we kümüş bezeg şaý-seplerini tabşyryp edermenligiň we adamkärçiligiň nusgasyny görkezdiler.
Şeýle-de maslahatda çykyş edenler watan Gahrymanlaryny hatyrlamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň biri bolup durýandygyny bellediler. Mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, parahatçylygynyň hatyrasyna şirin janlaryny pida eden gaýduwsyz pederlerimiz hakyndaky ýatlama Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda öz beýanyny tapdy. Ýadygärlikler toplumynyň çäklerinde “Baky şöhrat” we “Milletiň ogullary” ýaly uruňda baş goýan Watan goragçylarynyň ýadygärlikleri, şeýle-de “Ruhy tagzym” ýadygärlikleri bolsa aýratyn bellärliklidir.
Maslahatyň dowamynda uniwersitetimiziň Altyn asyr medeniýet merkeziniň talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnajylarda baýramçylyk duýgusyny has-da ýokary göterdi. Maslahata gatnaşan uruş weteranlaryna uniwersitetimiz tarapyndan taýýarlanylan gül çemenleri we sowgatlar gowşuryldy hem-de gelip gyzykly gürrüňler berendikleri üçin olara minnetdarlyk bildirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda başy başlanan we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan möhüm syýasatynyň netijesinde Beýik watançylyk urşyna gatnaşanlaryň we sag aman yzyna dolanyp gelenleriň şeýle-de tylda zähmet çekenleriň, beýik ýeňşiň getiren parahat durmuşynyň şanyna her ýyl Ýeňiş baýramy diýarymyzyň dürli ýerlerinde uly dabaralar bilen bellenip geçilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Watan goragçylarynyň belent hormatyna dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýmak we aýdym sazly dabaralary geçirmeklik uly däbe öwrülmegi edermen Gahrymanlarymyza goýulýan aýratyn hormatdan nyşandyr. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi
Işangulyýewa M.