Russiýa Federasiýasynyň Ýoşkar-Ola şäheriniň Wolga döwlet tehnologiýalar uniwersiteti

515


Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlara okamaga, bilim almaga, öz hünärimizi içgin öwrenmäge uly ýol açyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde ýaşlarmyzyň ýokary derejede ylym-bilim almaklary ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Ýaňy-ýakynda biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Ýoşkar-Ola şäheriniň Wolga döwlet tehnologiýalar uniwersitetiniň gurnamagynda geçirilen II halkara açyk internet olimpiadasyna gatnaşyp ýokary derejede üstünlik gazandylar. Rus dilinde geçirilen bu halkara internet olimpiadasynda üstünlik gazanan talyplarymyzy belläp geçsek olardan:
1. Melioratiw işleri mehanizmleşdirmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby Myratmuhammedow Begmyrat - materiallaryň garşylygy dersinden altyn medala;
2. Gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby Tukatow Ahmet- Materiallaryň garşylygy dersinden altyn medala;
3. Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 2-nji ýyl talyby Kakageldiýew Muhammetmyrat- materiallaryň garşylygy dersinden kümüş medala;
4. Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Rehimkulyýewa Mähri - himiýa dersinden kümüş medala;
5. Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Weliýewa Oguljeren -himiýa dersinden bürünç medala;
6. Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriň 2-nji ýyl talyby Şatlykow Rozybaý - himiýa dersinden bürünç medala;
7. Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Myradowa Gülaýym - fizika dersinden bürünç medala;
8. Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby Merdanowa Aýna - fizika dersinden bürünç medala;
9. Gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nuryýewa Bägül- fizika dersinden bürünç medala;
10. Tokaý we seýil bag hojalygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gutyýew Arazmuhammet - ekologiýa dersinden kümüş medala;
11. Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Nedirowa Merjen - ekologiýa dersinden bürünç medala mynasyp boldular.
Bu gazanylan üstünlikler biz talyp ýaşlaryň okamaga öz hünärimizi içgin öwrenmäge uly höwes döredýär.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda biz ýaşlara okamaga, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmaga döredilip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Paýzullaýewa Aýnur
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
3-nji ýyl talyby


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm