“Türkmen bedewi we dünýaniň seýisçilik sungaty” atly XIV ylmy maslahaty.

482

Arkadagly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, belent ösüşlere beslenýär. Esasan hem şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy belent tutumlara, uly dabaralara, şatlyk-şowhunlara beslenýär. Baýramçylyk dabaralary birnäçe günläp dowam etdi. Türkmen bedewiniň milli baýramçylygy mynasybetli 2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde “Oguzkent” myhmanhanasynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasynyň ХII mejlisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz şol mejlisde eden taryhy çykyşynda: “Biz milli baýlygymyz we halkymyzyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dabaralandyrýan Türkmen bedewiniň baýramyny ähli halkymyzyň hem-de dünýädäki ahalteke bedewleriniň janköýerleri bilen bilelikde belläp geçýäris” diýip nygtamagy, şu günki günlerde giňden dabaraly bellenilýänTürkmen bedewiniň milli baýramynyň diňe bir biziň ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, halkara derejesinde dünýäniň ähli ahalteke bedewleriniň janköýerleri tarapyndan hem bellenilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynyň dowam edýän günlerinde ýagny, aprel aýynyň 22-nde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly ХIV ylmy maslahatynyň ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilmegi biz mugallymlary we bu ýokary okuw mekdebinde okaýan talyp ýaşlarymyzy diýseň begendirdi.
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly ХIV ylmy maslahatyny açmak bilen hormatly rektorymyz taryhy söz sözläp, ähli maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Alym Arkadagly Prezidentimizi ýurdumyzyň ösüşini halkara derejesinde täze belentliklere alyp barýan öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň giňden durmuşa geçirilýän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda merdana halkymyzyň buýsanjyna öwrülen, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlady we oňa ähli işlerinde üstünlikler arzuw etdi. Şeýle-de ol öz çykyşynda şu ylmy maslahatda çykyş etmek üçin dürli kärlerde zähmet çekýän Arkadagly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerini idetmet, atçylyk sporty we ahalteke atlaryny ylmy esasda öwrenmek barada alyp barýan giň möçberli syýasatyny durmuşa geçirmekde alyp barýan işlerini durmuşda amala aşyrýan hünärmenleriň gatnaşýandygyny hem aýratyn belläp geçdi. Çykyş edenler milli mirasymyz bolan ahalteke atlarynyň taryhy gelip çykyşy, esasy aýratynlyklary, owadanlygy, ýyndamlygy, ýelden ýüwrükligi, gylyk häsiýetleri dogrusynda şeýle hem bedewiň türkmen halkynyň ykbalynda we gündelik durmuşynda ähmiýeti dogrusynda ylmy esasda, gyzykly we baý maglumatlary getirdiler. Şonuň ýaly-da çykyş edenleriň arasynda ýazyjy şahyrlar hem bolup olar ahalteke bedewlerini wasp edýän goşgularyny okap berdiler. Sebäbi maglumatlardan belli bolşy ýaly nusgawy edebiýatlarymyzyň görnükli wekillerinden başlap, häzirki zaman türkmen edebiýatynda we şa dessanlarymyzda bedewiň waspy ýetirilip, owazasy arşa galdyrylyp gelinýär. Şu ylmy maslahata gatnaşyjylaryň çykyş eden temalarynyň ählisinde hem Gahryman Arkadagymyzyň bedewlere bagyşlanan ajaýyp eserleriniň durandygyny aýratyn bellemek gerek. Maslahatda edilen çykyşlar professor-mugallymlarda, talyp ýaşlarda, umuman ähli maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çykyş edenleriň ählisi hem ahalteke bedewleriniň at-owazasyny arşa göteren, şan-şöhratyny dünýä ýetiren Gahryman Arkadagymyza, behişdi bedewlerimiziň şanyna şeýle toýlary, baýramçylyklary geçirmäge döreden giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
Ylmy maslahaty jemlemek bilen uniwersitetiň rektory Alym Arkadagly Prezidentimizi ýurdumyzda halkara derejesinde buýsançly dabaralara beslenip, ählihalk tarapyndan gadymy gymmatlyklarymyza bagyşlanyp giňden bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlady.
Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň müdiri, uly mugallym
Hemra Kakajanow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm