Üzüm miwesini guratmak

678

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy we kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Däp bolşy ýaly biziň uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň agzalarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy duşuşyk geçirilýär. Geçen şenbe günündäki ylmy duşuşygyň esasy temasy üzüm miwesini guratmagyň tehnologiýasyna bagyşlandy. Duşuşykda biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyby G.Paşşykowa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary I.Durdyýew we K.Baýjanow çykyş etdiler. Güneşli ülkämiziň bereketli türkmen topragynda miweli agaçlaryň birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Möwsüminde biz bu miweleri terligine peýdalanýarys. Gyş paslynda bolsa guradylan, doňdurylan we konsenwirlenen görnüşinde peýdalanýarys. Olardan has giňden ulanylýany guratmakdyr. Guradylan miweler düzüminde suwuň ýoklugy sebäpli, mikroblaryň köpelmegi üçin şert bolmaýar. Bu bolsa olary uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Ine, şeýle gury miweleriň biri-de kişmişdir. Kişmiş taýýarlamak öz gözbaşyny gadymy wagtlardan alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Türkmen kişmişine Bagdatda, Gadymy Hytaýda, Gadymy Hindistanda uly isleg bildirilendigi barada maglumatlar bar. Kişmişi üzümiň kişmiş etmäge ýaramly sortlarynyň hasylyny guradyp alynýar. Kişmiş – düzüminde köp mukdarda witaminleri we mineral maddalary saklaýan gury miwedir. Kişmiş immun ulgamyny güýçlendirýär, holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar, ýadawlygyň we depressiýanyň öňüni alýar we energiýa berýär. Uzak wagtlap dokluk duýgusyny berýär. Düzüminde bar bolan witaminleriň hasabyna kalsiniň siňmegini aňsatlaşdyrýar we süňki berkedýär.
Ýer ýüzünde öndürilýän kişmişiň 95 % kişmiş öndürmek üçin ýöriteleşdirilen sortlar bolan üzümiň bidäne sortlaryndan öndürilýär, galan 5 % bolsa üzümiň däneli sortlaryndan alynýar. Güneşli ülkämizde kişmiş üzümiň Gara kişmiş, Ak kişmiş, Hişrau kişmişi, Sogdiana kişmişi, Garrygala kişmişi, Kişmiş Batyr ýaly bidäne sortlaryndan guradylyp öndürilýär. Üzümiň Ak Taýfy, Gyrmyzy Taýfy, Riş Baba, Aşgabat Gara üzümi, Muskat ýaly sortlaryndan guradylyp ýokary hilli içi däneli kişmiş öndürilýär. Öndürilen kişmiş önüminiň harytlyk hili we tagamy ilkinji nobatda guratmak üçin ulanylýan üzüm hasylynyň hiline baglydyr. Guratmak üçin niýetlenilýän ter üzümleriň miwesi etlekden, dykyz bolmalydyr. Eger-de ol suwly hem ýumşak bolsa guradylan önümiň harytlyk hili ýaramaz bolýar hem-de onuň çykymy pes bolýar. Şeýle hem ter üzümiň süýjiligi ýokary bolmalydyr. Bidäne üzümler üçin süýjilik 23-25 %, däneli üzümler üçin bolsa 22-23 % -den pes bolmaly däldir. Ter üzümiň süýjiligi näçe ýokary boldugyça guradylan önümiň hili ýokarlanyp, çykymy artýar. Guradylan azyk önümini almak üçin niýetlenilýän üzüm sortlarynyň möhüm alamatlarynyň biri hem onuň bidäne we ir bişip ýetişýän sortlarynyň alynmagydyr. Merkezi Aziýa ýurtlary guradylan üzüm önümini almak üçin esasy ýurtlaryň özeni hasaplanýar. Biziň ýurdumyzda ýagtylygyň we ýylylygyň bollygy, tomus aýlarynda howanyň gurakdan yssy bolmagy kişmiş öndürmek üçin örän amatly ýurtlaryň birine öwürýär. Kişmiş taýýarlamak üçin üzümiň hasylyny ýygnaýarlar we ýörite meýdançalarda ýa-da kişmiş etmek üçin niýetlenilen jaýlarda täsir ediji maddalaryň kömegi bilen serip guradýarlar. Üzümi açyk howada, ýagny, günüň aşagynda serip we bassyrmanyň aşagynda kölegede hem-de ýörite kişmiş etmek üçin niýetlenilen jaýlarda guradyp bolýar. Olardan has giňden ulanylýany şu aşakdakylardyr.
Açyk howada günüň aşagynda guratmaklygyň tehnologiýasy. Üzüm hoşalaryny açyk howada günüň aşagynda guratmaklyk Merkezi Aziýa ýurtlarynda giňden ýaýrandyr. Guratmaklyk üçin niýetlenilen üzümiň kişmişlik sortlarynyň guradyljak ýeri üzüm ekilen meýdançadan daşda ýerleşen bolmaly däl. Guradyljak meýdança üzüm ekilen meýdançanyň günorta eňňidinde ýa-da deň ýerleşmegi zerurdyr. Günüň gowy düşýän ýerinde hem-de şemally ýerlerde ýerleşmelidir
Üzüm hoşalaryny üzüm hatararalarynyň arasynda serip guratmak. Bu usul ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda giňden ýaýrandyr.
Ýörite taýýarlanan meýdançalarda üssüni polietilen plýonka bilen ýapyp guratmak. Gresiýada giňden meşhurlyga eýe bolan bu usuldyr.
Kölegede guratmaklygyň tehnologiýasy. Bu usulyň maksady esasan - guradylan önümiň owadan altynsow, dury sary reňkli bolmagydyr. Şonuň üçin hem guratmaklygyň bu usulynda üzüm sortlarynyň açyk reňkli görnüşleri ulanylýar.

Abadan Reýsowa
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm