Gelse Nowruz ilime
872“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe bolýar.Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrülýär. Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruz - tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanmagynyň baýramy bolup, gözbaşyny hem bereketli topragymyzdan alýar.
Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly medeni syýasat milli mirasymyzy, şol sanda, Halkara Nowruz gününiň gyzykly däplerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge, döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Halkara Nowruz gününiň däpleri halkymyzyň taryhyny, edebi mirasyny, ruhy-gözellik dünýäsini öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar. Nowruz baýramynyň gadymy däplerini geljek nesiller üçin gorap saklamak umumadamzat bähbitli ynsanperwer wezipedir. Nowruz baýramy başgada birnäçe halklarda, şol sanda türkmenlerde hem Gün senenamasy boýunça ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda-mart aýynyň 21-inde bellenilipdir. Baharyň buşlukçysy bolan bu baýramy günorta we gündogar Türkmenistanyň oturymly we ekerançylyk bilen meşgullanýan ilaty has şowhunly belläpdir. Toý saçaklary giňden ýazylyp,dürli naz-nygmatlar esasan hem bu baýramyň buşlukçysy bolan semeni bişirilip,agzybirlikde bir supraň başyna jemlenipdirler. Adamlar bir-birlerini ýazyň çykmagy bilen gutlap, ýylyň gowy – rysgal-bereketli bolmagyny arzuw edipdirler. Bu gadymy däpler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. ”Nowruz geçiň şahyny ezse,hasyla garaş’’, ”Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň –ýaz” ýaly nakyllar bu günüň tebigatda ähmiýetiniň juda uludygyny görkezýär. Gözellige beslenen bahar paslynda babadaýhanlarymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen topraga tohum sepip,täze hasylyň düýbüni tutmaga ykjam girişýärler.‘‘Nowruzda täze zat geýseň,şol geýim bagt getirermiş”,”Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş” ýaly yrymlar Nowruzyň biziň halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerinde özboluşly orny eýeleýändigini doly subut edýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem:
“Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler awaz urup, dag kylar duman peýda”
-diýmek bilen, Nowruzyň çeper waspyny çuňňur manyly sözler bilen beýan edipdir.
Ata-babalarymyzdan miras galan milli baýramlarymyz, däp-dessurlarymyz häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň çyragyna öwrülip, täze many-mazmun,kämil öwüşginler bilen has-da ösdürilýär. Nowruz bilen baglanyşykly gadymy däplerimiz hem ajaýyp döwrümize laýyk ýörelgeler bilen baýlaşdyrylyp, ýokary guramaçylyk derejesinde bellenýän toý-dabaralarymyza aýratyn bezeg berýär. Häzirki döwürde Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny,medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp,bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülýär. Nowruz baýramynda halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen bagly däpleriniň berjaý edilmegi, gelin-gyzlarymyzyň halk döredijiligimiziň nusgawy görnüşleri bolan monjugatdylary, läleleri, öleňleri, aýdyşyklary, hüwdüleri,gazallary ýerine ýetirmekleri, milli lybaslaryň, oba hojalyk önümleriniň sergileriniň guralmagy, dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullarynyň görkezilmegi gadymdan gelýän medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde, ýaş nesilleri watançylyk,millilik,belent ahlaklylyk we lebzihalallyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle ajaýyp ýörelgelerimiziň bahar baýramynda dabaralanmagy raýatlarymyzy belent maksatly tutumly işlere ruhlandyrýar. Nowruz baýramynyň alyslara ýaň salýan şatlyk-şagalaň, şowhuny buýsançly kalplarymyza bahar joşguny, ýaz ýakymy bolup dolýar.
Halkyna eşretli zamanany peşgeş eden, türkmen halkynyň milliliklerini, gadymy däp-dessurlarymyzy dünýä halklaryna ýaýmakda bitirýän ajaýyp hem-de beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Jumakulyýewa Gülendam
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň mugallymy