V AÇYK HALKARA INTERNET EKOLOGIÝA OLIMPIADASY GEÇIRILDI

6
2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda V açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy geçirildi.

Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde ýaş alymlaryň we talyplaryň taýýarlan ylmy-taslama işleri bilen tanyşdylar. Dabarada çykyş edenler oňa gatnaşyjylaryň ählisine uly üstünlikleri, bäsleşigiň netijeli geçmegini arzuw etdiler. Gutlag çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzda ekologiýa syýasatyna, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýän «ýaşyl» bilim ojaklarynyň halkara abraýy barha artýar. Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşyp, eden çuňňur many-mazmunly çykyşy, öňe süren başlangyçlary hakynda buýsanç bilen bellenildi. Ýaşlaryň ekologiýa bilimi, aňy we medeniýetiniň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşaýan şahsyýeti kemala getirmegiň biri-biri bilen baglanyşykly ulgamydygy nygtaldy. Bu babatda Milli Liderimiziň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda kabul edilen Çagalar, ýaşlar we howa bilen bagly hereketler barada Jarnamanyň ähmiýetine üns çekildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky terbiýäniň 12 görnüşiniň biriniň ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesidigi hakynda beýan edýän garaýyşlary wagyz edildi.

Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly daşary ýurtlardan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşyjylar hem onuň ähmiýetini, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini  nygtadylar. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyz 18-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini, täze maksatnamanyň ýurdumyzyň ýaşlar baradaky syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça 2031-nji ýyla çenli anyk wezipeleri öz içine alýandygyny belledi. Halkara bilim bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi we olarda ýurdumyzyň talyplarynyň gazanýan üstünlikleri «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň», «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» möhüm wezipeleriniň hem üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Halkara bäsleşigiň açylyş dabarasy ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. 

V açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyna daşary ýurtlaryň 33-siniň, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Awstraliýa, Azerbaýjan, Belarus, Braziliýa, Eýran, Gazagystan, Germaniýa, Günorta Afrika, Günorta Koreýa, Gyrgyzystan, Hindistan, Hytaý, Indoneziýa, Irlandiýa, Ispaniýa, Kanada, Keniýa, Kipr, Liwan, Malaýziýa, Müsür, Oman Patyşalygy, Özbegistan, Pakistan, Portugaliýa, Russiýa, Rumyniýa, Senegal, Täjigistan, Türkiýe, Wýetnam, Ýaponiýa döwletleriniň 80-den gowrak ýokary okuw mekdebiniň, şeýle hem ýurdumyzyň 27 ýokary okuw mekdebiniň 520-ä golaý talyby gatnaşdy. Onda populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologik monitoring; ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar bilen baglanyşykly ýumuşlar hödürlendi. Olary ýerine ýetirmek üçin talyp ýaşlara jemi 90 minut wagt berildi. Olimpiada gatnaşan talyplaryň işleri programma üpjünçiligi arkaly bahalandyryldy we toplanan ballaryň jemi boýunça netijeler jemlendi.

Halkara internet ekologiýa olimpiadasyna gatnaşyjylar ýaş nesilleriň ähli rowaçlyklarynyň gözbaşynda duran, olara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52