ÝAŞLAR BAÝRAGYŇYZ GUTLY BOLSUN!
6Ýurdumyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy dabaraly bellenildi, Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlar gutlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, bilimde, ylymda, döredijilikde, sportda we zähmetde gazanýan üstünliklerini höweslendirmek maksady bilen, her ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu baýrak ýaşlary öndürijilikli zähmete, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň şu aşakdaky wekilleri hem mynasyp boldular:
Parahat Rejepsähedow — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy.
Nury Atajanow — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy.
Baýnazar Goşaýew — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Medet Mäterow — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Gala Hojageldiýew — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys, olara geljekde hem uly rowaçlyklary arzuw edýäris!