WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
11Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň, Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Müftüsiniň müdiriýetiniň ýolbaşçylarynyň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri düşündirmek, ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek kanun bozulmalaryň, bidüzgün hereketleriň öňüni almak, milli kanunçylygy, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň, ýangyn howply ýagdaýlaryň öňüniň alynmagynyň ähmiýetini, durmuş ugurly döwlet syýasatyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen çärede ýaşlar barada döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi buýsanç bilen bellenildi.
Çykyş edenler ýaşlaryň psihologik goldaw hyzmatlaryna elýeterliligini, olaryň migrasiýa boýunça sowatlylygyny gazanmak, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjilik, ruhy-ahlak duýgularyny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, päk zähmete ygrarlylyk sypatlaryny kemala getirmek hakynda gürrüň etdiler. Ýaş nesilleri ata Watanymyza uly buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen alnyp barylýan işlere, döredilýän şertlere aýratyn üns berildi.
Nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaşlar barada döwlet syýasatynyň waspnamasy bolup, onda döwletimiziň hünär bilimi ulgamynda gazananlaryna ýokary baha berilýär. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri-de ýaşlaryň hünär bilimini almagy üçin deň şertleri döretmek bolup, bu barada «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» «Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary» atly 4-nji babynda aýratyn bellenilýär. Onuň «Ýaşlaryň bilim we ylym ulgamlarynda mümkinçiliklerini giňeltmek» atly aýratyn böleginde: «Türkmenistanyň ýaşlarynyň ýokary hilli bilim almagyna, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, häzirki zaman ylym we bilim ulgamlary bilen sazlaşykly ösdürilmegine aýratyn üns berler» diýlip nygtalýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýaşlarymyzyň ýetýän sepgitleriniň, gazanýan üstünlikleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, dünýä nusgalyk beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.