UNIWERSITETIMIZIŇ WEKILLERI ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASYNA GATNAŞDYLAR

14
2026-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmaklarynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Şeýle-de şol gün ýokary okuw mekdebimiziň çäginde arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy, baglara ideg edildi hem-de agaç nahallary oturdyldy.

Ählihalk bag ekmek dabarasynda uly buýsanç bilen nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek ugrunda möhüm ädimler ädilýär. «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyndan» ugur alnyp, Diýarymyzda tokaýçylygy ösdürmäge ylmy esasda çemeleşilýär. Şeýle-de tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, tokaýlary döwlet hasaba alyş ulgamyny, tokaý hojalygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa medeniýetini ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk, tokaý we seýil bag hojalygy,  ösümlikleri goramak hünärleri boýunça talyplara bilim berilýär.

Goý, tylla güýzüň nurana günlerinde oturdylýan bag nahallary bagtyýar geljegimize saýa salsyn! Ýaşlarymyzy durnukly ösüş ýolundan öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52