ÝURDUMYZYŇ OBA HOJALYK PUDAGYNDA ÝETILEN SEPGITLER WE ÖŇDE DURÝAN WEZIPELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
182026-njy ýylyň 7-nji noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde döwletimiziň oba hojalyk toplumynyň guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly maslahat geçirildi. Onda «Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler», «Bedew batly Türkmenistan — bolelin ýaşaýşyň aýdyň nusgasy», «Maldarçylygy ösdürmegiň döwrebap usullary», «Güýzlük bugdaýyň seleksiýasynda we tohumçylygynda gazanylan üstünlikler», «Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde suwaryş suwuny tygşytly ulanmagyň ylmy esaslary», «Tebigy goraghanalar — biodürlüligi gorap saklamagyň binýady», «Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti» temalary boýunça çykyşlar diňlendi.
Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk toplumynyň düşewüntliligi ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, topragy gurplandyrmagyň, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmagyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna üpjün edilýär. Oba hojalyk pudaklarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen döredilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk, maldarçylyk we weterinariýa institutlarynda, oba hojalyk ugurly bilim ojaklarynda geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligi ýokarlandyrylýar, tohumçylyk işi ylmy esasda alnyp barylýar. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasyl berýän, kesellere durnukly täze sortlary döredilýär.
Maslahata gatnaşyjylar berkarar döwletimizde oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda ägirt işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.