AGROSENAGAT TOPLUMY DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

30
Düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Oba hojalyk, Bilim ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlary we talyp ýaşlary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň, şol sanda Belarusuň, Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Hytaýyň, Braziliýanyň, Özbegistanyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de uniwersitetimiziň hyzmatdaşlyk edýän ugurdaş ylym-bilim ojaklarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan ýurdumyzyň obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlarynyň, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ylmy taslamalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Onda Hasyl toýy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy-taslama sergi bäsleşigine hödürlenen iň gowy işler hem görkezildi.

Halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu forum azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri hasaplanýan agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşini gazanmagyň ylmy esaslaryny ara alyp maslahatlaşmaga, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ugurlary hakynda pikir alyşmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Halkara maslahatda döwlet Baştutanymyzyň: «Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda geljekde hem giň gerim bilen ösdürmegi dowam etdireris» diýen sözleri uly buýsanç bilen nygtaldy. Şu ýyl gallaçylarymyz Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyran bolsalar, ýüpekçilerimiz 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürdiler. Golaýda Daşoguz welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap senagat kärhanasyň, şeýle-de kuwwatlylygy ýylda 350 müň tonna karbamid, 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüniň tutulmagy, Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmegiň däbe öwrülmegi oba hojalygyny ýokary depginde ösdürmek we düýpli özgertmek, ony ykdysadyýetiň iň girdejili pudaklarynyň birine öwürmek, daşky gurşawy goramak boýunça işleriň rowaçlanýandygynyň güwäsidir.

Maslahata gatnaşyjylar uniwersitetiň «Altyn asyr» medeni merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Soňra maslahat öz işini «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly bölümçelerde dowam etdirdi. Olarda nygtalyşy ýaly, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy oba hojalyk ylymlarynyň giň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi möhüm wezipe edip goýýar.

Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň obasenagat toplumyny, oba hojalyk ylymlaryny yzygiderli ösdürmek ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Orazmyrat INEROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň kärdeşler 
arkalaşygy guramasynyň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52