ZENAN SARPASYNA BAGYŞLANDY
52026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň guramagynda «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda talyp gelin-gyzlaryň arasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň» bedew batly ösüşleri, milliligimiz, şol sanda däp-dessurlarymyz, edep-terbiýe mekdebimiz, maşgala mukaddesligi wagyz edildi.
Duşuşyga uniwersitetimiziň halypa mugallymlary, talyp gyzlary we hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Çykyşlarda türkmen zenanlarynyň jemgyýetimizde eýeleýän orny, hukuklarynyň goraglylygy, olaryň abadan durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, döretmegi ugrunda döredilýän şertler hakynda buýsanç bilen bellenildi. Türkmen halkynyň zenan sarpasy barada «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — gyzyldan halka», «Gyzly öý — soltanly öý», «Gyzly öýe kyrk at baglanar», «Gyzly öýe rehnet ýagar» ýaly nakyllardyr atalar sözleriniň many-mazmuny düşündirildi. Taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň hatarynda hem zenanlaryň bardygy, olaryň nusgalyk ýolunyň ýaşlar üçin görelde mekdebidigi nygtaldy.
Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar zenanlarymyza aýratyn sarpa goýýan, döwlet ýaşlar syýasatyny ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.