UNIWERSITETIŇ GURAMAGYNDA ÝURDUMYZYŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA DERS BÄSLEŞIKLERI GEÇIRILDI
89Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, ylma we döredijilige höweslerini artdyrmak babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda 2026-njy ýylyň 20 —22-nji oktýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, inžener grafikasy boýunça bäsleşikler geçirildi. Ol şahsy bäsleşik görnüşinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda guraldy. Ders bäsleşikleriniň Düzgünnamasyna laýyklykda, oňa her ýokary okuw mekdebinden her dersden 4 talyp gatnaşdy.
Her ýyl guralmagy däbe öwrülen ders bäsleşikleri «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny», «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» we beýleki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.
20-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ders bäsleşikleriniň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Onda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimizde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, şol sanda tebigy we takyk ylmy ugurlary ösdürmäge uly üns berilýär. Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berilýär. Çünki, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Dabarada bäsleşigiň guramaçylykly we netijeli geçmegi, oňa gatnaşyjylara uly üstünlikler, eminler toparyna hem işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän ders bäsleşiklerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Olar şeýle giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler.