«TÜRKMEN ALABAÝY — MILLI BUÝSANJYMYZ» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT BAÝRAMÇYLYK DABARASYNY ARTDYRDY

24
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýy — milli buýsanjymyz» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Onuň umumy mejlisinde türkmen alabaýynyň ynsan bilen tebigatyň sazlaşygynyň, wepalylygyň nusgasydygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýandygy, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun alandygy, türkmen halk döredijiliginde alabaýyň keşbi, umuman, alabaýlaryň milli buýsanjymyzdygy hakynda çykyşlar diňlendi. 

Soňra maslahat «Türkmen alabaýy halkymyzyň mizemez medeni mirasydyr», «Mydam goraga sak, hüşgär hem düşbi,//Wepaly alabaý — dostlugyň keşbi», «It — çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy, takyk we oba hojalyk ylymlarynyň orny» atly bölümlerde dowam etdi. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda milli gymmatlyklarymyza sarpanyň beýany, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda gadymy medeni ojaklarymyz hakynda beýan edilen pikir-garaýyşlar hakynda çykyşlar diňlendi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» şygyrlarynda milli gymmatlygymyzyň waspy, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alabaýlary goramakdaky orny, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň açylmagynyň ähmiýeti barada beýan edildi.

Şeýle-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen alabaýlarynyň sarpalanyşy, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde toýlanýan Türkmen alabaýynyň baýramynyň, şu mynasybetli geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» bäsleşiginiň ähmiýeti, ýurdumyzdaky türkmen alabaý itleriniň döwrebap merkezleri barada nygtaldy. Çykyşlarda «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlaryň itşynaslara belent sarpanyň nyşanydygy, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalynda milli gymmatlygymyzyň waspy, türkmen alabaý itlerini goramagyň hukuk esaslary, şol sanda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň esasydygy, it eýeleriniň hukuklary, borçlary, türkmen alabaýyny ýetişdirmegiň halk tejribesi we meşhur türkmen kinologlary, türkmen aw tazysy, halkara kinologiýa guramalarydyr itleriň halkara bäsleşikleri, sergileri, dünýä belli türkmen itleri hem-de türkmen alabaýynyň heýkelleri hakynda aýdylanlar has-da täsirli boldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52