MUGALLYMYMYZ DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINDE ÝEŇIJI BOLDY

53
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen alabaýy geçmişi we şu güni hem-de pederler bilen geljek nesilleri birleşdirýän janly mirasdyr. Onuň syratly keşbinde bereketli sähralarymyzyň giňligi, häsiýetinde halkymyzyň mertligi, eýesine wepalylygynda bolsa türkmeniň dostluga, ynama, wepadarlyga goýýan belent sarpasy şöhlelenýär.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy dabaralaryň çäginde 25-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň hem-de teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

Döredijilik bäsleşiginde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Nurberdi Orazgeldiýew «Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinolog hünärmenleriň taýýarlanylyşy» ady bilen taýýarlan wideoşekilleri bilen ýeňiji boldy. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan degişli şahadatnamalar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Nurberdi Orazgeldiýewi gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa geljekde hem işlerinde we döredijilik ýolunda uly rowaçlyklary arzuw edýäris.

Meretmuhammet HOJANEPESOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat 
ulgamlary we sanly tehnologiýalar 
kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52