TALYBYMYZYŇ ÝETIŞDIREN ALABAÝY — ÝYLYŇ TÜRKMEN EDERMEN ALABAÝY
77«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy dabaralaryň çäginde 25-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlendi.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Agageldi Bakeýewiň Akgaýa atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. 2024-nji ýylda doglan Akgaýa şöhratly Akguşuň nesil ugruna degişlidir. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy. Uniwersitetimiziň talyby Agageldi Bakeýewi gazanan üstünligi bilen gutlamak bilen, oňa geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys, türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak ugrunda alyp barýan beýik işlerinde geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris.