«TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ WE TAZYSYNYŇ ÝETIŞDIRILMEGI: TARYHY, MEDENIÝETI WE SUNGATY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
423-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniň hem-de kitaplaryň sergisini synladylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutynyň, Agrar partiýasynyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çykyş etdiler. Oňa Türkmenistanyň ussat itşynaslary, kinologlary, döwrebap itçilik merkezleriniň hünärmenleri hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kinologiýa taýýarlyk ugrunda bilim alýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda türkmen alabaýlarynda asylly häsiýetleri kemala getirmegiň tejribesi, türkmen tazysy, türkmen dilinde alabaýlaryň atlary, türkmen alabaýynyň we tazysynyň şekillendiriş sungatyndaky, türkmen halylaryndaky waspy, arheologiýa tapandylarynda alabaýlaryň şekili hakynda çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de türkmen alabaýynyň halkymyzyň kemala getiren ajaýyp gymmatlygy we milli buýsanjydygy, alabaýlaryň häsiýetli aýratynlyklary, şol sanda wepaly dost, ynamdar goragçy, mertligiň ajaýyp nusgasydygy barada bellenildi.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda, «Türkmen alabaýy» goşgusynda, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly şygrynda milli gymmatlygymyza aýratyn sarpa goýulýandygyny bellediler. Ýurdumyzda milli itşynaslyk sungatynyň rowaçlanýandygy, alabaýlar hakyndaky ylmy-barlag işleri, olaryň taryhynyň we aýratynlyklarynyň öwrenilişi hakynda aýdylanlar, täze ylmy esasly maglumatlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Onuň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirilip, türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi.