UNIWERSITETIMIZDE POLŞALY MYHMANLAR BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

18
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä hem-de ylmy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen  Polşa Respublikasynyň Silez akademiýasynyň rektory, professory, ylymlaryň kandidaty Ostenda Aleksandr Tadeuş we halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory, professory, ykdysady ylymlaryň doktory Witkowskiý Ýuriý Petrowiç S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde myhmançylykda boldy.

Myhmanlar Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň şäherçesine aýlanyp, okuw merkezlerinde, agromeýdançada, sport toplumlarynda, tikinçilik sehinde, janly tebigatyň muzeýinde, ýyladyşhanada döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.  

Uniwersitetde geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň, şol sanda Polşa Respublikasynyň ylym-bilim gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli ösdürilýändigi, hünärmenleri taýýarlamakda netijeli gatnaşyklaryň barha işjeňleşýändigi nygtaldy. Polşa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň guraýan halkara olimpiadalaryna ýurdumyzyň wekilleri hem gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. Türkmenistanda guralýan çärelere hem polşaly dostlarymyz işjeň gatnaşýarlar.

Myhmanlar uniwersitetiň gurluşy we gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyryldy. Bilim, ylym, oba hojalygy ulgamlaryndaky giň gerimli özgertmeleriň, halkara çäreleriň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaralary bilen utgaşýandygy aýdyldy.

Duşuşyga gatnaşanlar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52