MUGALLYMYMYZ GDA AGZA DÖWLETLERIŇ MUGALLYMLARYNYŇ WE BILIM IŞGÄRLERINIŇ IX GURULTAÝYNA GATNAŞDY
37S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Amanowa 2026-njy ýylyň 1-2-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň IX Gurultaýyna gatnaşdy. Gurultaýyň esasy temasy: «Häzirki zaman wezipeleriniň döwrebap şertlerinde GDA agza döwletleriň bilim ulgamyndaky integrasiýa ýörelgeleri» boldy. Nygtalyşy ýaly, bu ýörelgeleriň strategik ähmiýeti Arkalaşyga agza ýurtlaryň ylym-bilim mümkinçiliklerini utgaşdyrmaga, tehnologik garaşsyzlygy üpjün etmäge, milli ykdysadyýetleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de durnukly ösüşe, öňdebaryjy bilim tejribeleri özara alyşmaga ýardam bermek bolup durýar.
Gurultaýa Türkmenistanyň, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Gurultaýyň maksatnamasynda Mugallymçylyk ussatlygynyň IV halkara festiwaly özboluşly orun eýeledi. «Mugallym», «Terbiýeçi» we «Psiholog/sosial pedagog» ugurlary boýunça ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi öňdebaryjy tejribeleri ýüze çykarmaga we GDA ýurtlarynyň zehinli pedagoglarynyň arasynda tejribe alşylmagyny höweslendirmäge mümkinçilik berdi.
Umumy mejlisde we sekiz sany bölümçede milli bilim ulgamlaryny ösdürmekde gazanylanlar we geljekki mümkinçilikler, inklýuziw bilimi ösdürmek, terbiýe bermegiň innowasion tejribeleri, ykdysadyýetiň hojalyk we hünär zerurlyklaryny göz öňünde tutup, üznüksiz hünär bilimini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem zehinli, ukyply çagalardyr ýaşlary goldamak, uly ýaşlylaryň bilim ulgamyny ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurultaýa gatnaşyjylar häzirki zaman ählumumy özgerişlikleriň, tehnologiýalaryň çalt ösüşiniň we zähmet bazarynyň üýtgeşmeleriniň şertlerinde bilim ulgamynda integrasiýa ýörelgeleriniň durnukly ösüşiň, medeni kody saklamagyň we GDA agza döwletleriň ykdysady bäsdeşlige ukyplylygynyň iň esasy şerti bolup durýandygyny bellediler. Gurultaýa gatnaşyjylar onuň çäklerinde dürli medeni çärelere işjeň gatnaşdylar.