MUGALLYMYMYZ FAO-nyň PUDAGARA OKUW MASLAHATYNA GATNAŞDY

38
2026-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we daşky gurşawy goramak ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga bagyşlanan pudagara okuw maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) hem-de Ýaşyl howa gaznasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Duşuşykda howanyň üýtgemegi bilen bagly maliýeleşdirmegiň aýdyňlygyna gözegçilik etmek üçin işlenip taýýarlanan innowasion sanly guralyň tanyşdyrylmagy we synagdan geçirilmegi netijeli boldy. Amaly okuwlaryň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri platformanyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar, statistiki maglumatlary ýygnamagyň hem-de daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlara gönükdirilýän çykdajylary toparlara bölmegiň usullaryny özleşdirdiler.

Täze platforma daşky gurşawy goramak bilen bagly çykdajylar baradaky maglumatlary ulgamlaşdyrmaga, parnik gazlarynyň zyňyndylary boýunça hasabatlylygy kämilleşdirmäge hem-de döwlet derejesindäki meýilnamalaşdyryşy has netijeli alyp barmaga niýetlenendir. Ulgam oba hojalygyny we tokaý hojalygyny öz içine alýan esasy pudaklar boýunça maglumatlary netijeli jemlemäge, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakyndaky Çarçuwaly konwensiýasyny we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmäge goşýan goşandyna aýdyň baha bermäge mümkinçilik berýär.

Okuw maslahatynyň dowamynda dürli pudaklaryň hünärmenleri degişli ugurda pikir alyşdylar. Okuw maslahatyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň amaly netijeleri: Global ekologiýa konwensiýalarynyň çäklerinde Türkmenistanda gowaçada, bugdaýda we oba hojalygynda optimizirlenen howa şertlerinde uýgunlaşýan tehnologiýalary ornaşdyrmak» temasy boýunça çykyş etdi. 

Netijeli geçen okuw maslahatynyň jemleri boýunça bilermenler Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreleriň içerki maliýeleşdiriliş derejesiniň ýokarydygyny bellediler. Ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýet ulgamyndaky giň gerimli milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysady durnuklylygyny hem-de ählumumy durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygyny görkezýär.

Mähek KAKYLOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
ekologiýa kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52