UNIWERSITETIMIZIŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI

32
2026-njy ýylyň netijeleri esasynda neşir edilen «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetleriniň reýtinginiň sanawyna ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdebi bilen birlikde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem girdi. Bu halkara sanawa 110 döwletden 2016 sany ýokary okuw mekdebi goşuldy. Şolaryň hatarynda Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 628-nji orna mynasyp boldy. Bu görkeziji ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň bahalandyrmasy boýunça alnanda, uniwersitetimiziň 2-nji orny eýeländigini görkezýär.

«UI GreenMetric World University Rankings» — bu uniwersitetleriň ekologiýa düzümlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe ýardam etmek barada isleginiň görkezijisidir. Hususan-da, dünýä uniwersitetlerine alty görkeziji, ýagny uniwersitet düzümleri we onuň ekologiýa täsiri, energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileri, galyndylary gaýtadan işlemek, ekologiýa babatda bilim bermek we bu ugurda ylmy barlaglar, suwdan rejeli peýdalanmak, ulag syýasaty ýaly ugurlar boýunça baha berilýär.

Maglumat hökmünde bellesek, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti alyp barýan işiniň netijeliligi bilen tapawutlanyp, 2023-nji ýylyň netijelerine görä, 456-njy orny, 2024-nji ýylyň netijelerine görä, 474-nji orny, 2025-nji ýylyň netijelerine görä bolsa 711-nji orny eýeläpdi. Şu ýyl bolsa uniwersitetimiz 83 basgançak ýokary göterilip, 628-nji orna geçdi we milli sanawda 2-nji orundadyr. Bu bolsa bilim ojagymyzyň ekologiýa we durnukly ösüş ugrundaky işleriniň ýyl-ýyldan netijeli kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýyl uniwersitetimiz alty ugruň ählisi boýunça öňki ýyllardakydan has ýokary netijeleri görkezdi. Hususan-da, ekologiýa babatda bilim bermek we bu ugurda ylmy barlaglar, şeýle hem ulag syýasaty ýaly ugurlarda gazanylan üstünlikler umumy utuklaryň artmagyna oňaýly täsir etdi. Uniwersitetimiziň jemi toplan utugy geçen ýylky görkezijiden ep-esli ýokary bolup, durnukly ösüş ýörelgeleriniň okuw-terbiýeçilik we ylmy işlerimize düýpli ornaşdyrylýandygyny görkezýär.

Görkezijini Indoneziýa uniwersiteti 2010-njy ýyldan bäri düzüp gelýär. Birinji görkezijä 96 uniwersitet gatnaşdy. Döredilen gününden bäri oňa gatnaşyjylaryň sany ençeme esse artdy. Şu ýyl «UI GreenMetric» reýtinginiň 17-nji neşiri çap edilip, ol durnuklylyk ölçegleri boýunça dünýäniň iň uly uniwersitet reýting ulgamy bolup durýar. Görkezijä gatnaşmak üçin uniwersitetleriň her ýyl berýän degişli maglumatlaryny garaşsyz halkara hünärmenler, alymlar barlaýarlar hem-de derňeýärler. Maglumatlara baha bermek we utuklar esasynda uniwersitetleriň eýelän orny ählumumy sanawda beýan edilýär.

Kadyr AMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Tehnologiýalaryň 
transfer merkeziniň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52