ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI
122026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda ýaşuly professor-mugallymlar gutlanyp, halypa mugallymlara berk jan saglyk, aramyzda mekdep bolup uzak ýaşamaklary, alyp barýan asylly işlerinde geljekde-de uly üstünlikler arzuw edildi.
Nygtalyşy ýaly, her ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni halkymyzyň ýaşululyk sarpasynyň näderejede belentdigini görkezýän şanly seneleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşulularyň sarpasy belent tutulýar.
Ýaşuly halypa mugallymlarymyz ýaşlara bilim-terbiýe berip, aramyzda mekdep bolup ýaşaýarlar. Ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Olar türkmen jemgyýetinde milli edim-gylymlarymyz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz dogrusynda ýaşlar bilen ýygy-ýygydan gürrüňdeşlikleri geçirýärler.
Golaýda — 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýurdumyzda ýaşulularymyza goýulýan sarpanyň näderejede belentdigini görkezdi.
Dabaraly çärede ýaşuly professor-mugallymlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň taýýarlan baýramçylyk çykyşlarynda ýaşululyk sarpasy, ajaýyp döwrümiziň beýik işleri wasp edildi.
«Ömri nusgalyk mekdebe, pendi edebe öwrülen dilleri senaly ýaşulularymyz, olaryň pähimli öwüt-nesihatlary, baý durmuş hem-de zähmet tejribesi jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmakda, nesillerimizi watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen öňe alyp barmakda biziň daýanjymyz bolup durýar» diýip belleýän hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden alkyşlar aýdyldy.