GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNDA WE NIDERLANDLAR PATYŞALYGYNDA ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇILDI
172026-njy ýylyň 19 — 26-njy sentýabry aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2 mugallymy we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 10 talyby Germaniýa Federatiw Respublikasynda hem-de Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribeligini geçdiler. Olar «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň Ýewropadaky edara-kärhanalarynda öndürilýän döwrebap tehnikalar bilen ýakyndan tanyşdylar.
Olar Mangeým şäherinde ýerleşýän traktor zawodyna, «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň tehnikalaryny ulanýan we synagdan geçirýän «Lehr und Versuchsanstalt Neumuhle» maldarçylyk ylmy, okuw-önümçilik kärhanasyna baryp gördüler.
«John Deere forum» merkezinde hünärmenler kompaniýanyň döreýiş taryhy we ösüş ýoly, gazanan üstünlikleri, geljekde meýilleşdirilýän işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Kärhanada 6110M, 6120M, 6130M, 6140M, 6145M, 6155M, 6175M, 6195M hem-de ýokary klasly 6170R, 6190R, 6210, 6250R hem-de 6R250 kysymly traktorlar öndürilýär. Kärhananyň ýene bir aýratynlygy müşderileriň islegi boýunça hem önümçilik mümkinçilikleriniň bardygydyr. Ildeşlerimiz tanyşlygyň dowamynda iň ownuk şaýlardan başlap, taýýar traktoryň önümçiligine çenli ähli tapgyrlary synladylar.
Tejribeligiň dowamynda Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherinde ýerleşýän «John Deere» kompaniýasynyň tirkelýän we özi hereketlenýän pürküjilerini öndürýän zawoda barlyp, hünärmenleriň okuw sapaklaryna gatnaşyldy. Bu ýerde pürküjileriň iň häzirki zaman nusgalary we olaryň innowasion mümkinçilikleri, aýratyn-da, dökünlerdir ösümlikleri goraýjy serişdeleri takyk ulanmaga mümkinçilik berýän «ExactApply» ulgamynyň, haşal otlary kesgitlemek, diňe zerur ýerlere pürkmek üçin kameralary ulanýan «See and Spray» ulgamynyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de kärhananyň önümçilik toplumynda tirkelýän M700i, M900i we özi hereketlenýän R414i, R4150i kysymly pürküjileriň hem-de täze öndürilip başlanan 550R kysymly özi hereketlenýän pürküjileriň önümçiligi bilen tanşyldy.
Ildeşlerimiz Germaniýanyň Frankfurt şäheriniň, Niderlandlar Patyşalygynyň paýtagty Amsterdamyň taryhy we gözel ýerlerine gezelenç etdiler.