ŞA SERPAÝYŇYZ GUTLY BOLSUN!

13
Hormatly Prezidentimiziň 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çeken «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda» Kararyna laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Şamyradowna Gaýlyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat bilen sylaglanyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny we žurnalistikasyny ösdürmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki bäsleşik döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, olaryň zehinini joşdurýar. Bu bäsleşikde ýeňiji bolan edebiýat we sungat eserleri çeperçiliginiň we kämilliginiň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, suratkeşleri, artistleri, bagşy-sazandalary, kompozitorlary geljekde has-da döredijilikli işläp, iň kämil eserleri bilen bu bäsleşige gatnaşmalydyrlar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini, şöhratly taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy beýan edýän kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasy nazara alnyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, Şa serpaýy gowşurylan döredijilik işgärleri bilen bir hatarda sylaglanan mugallymymyzy tüýs ýürekden gutlamak bilen, oňa geljekde hem uly döredijilik üstünliklerini, asylly kärinde rowaçlyklary arzuw edýäris. 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň
«Garagum» edebiýat birleşmesiniň agzalary.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52