MUKADDES GARAŞSYZLYK — BERKARARLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

12
2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Mukaddes Garaşsyzlyk — berkararlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Onuň umumy mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleri, Garaşsyzlyk nesli hakynda çykyş etdiler.

Nygtalyşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly ösüşlere eýe bolýan milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk, bilim, ylym ulgamlarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Toý şatlygyna beslenýän günlerde giň gerimli açylyş dabaralarynyň, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly beýik taryhymyzy, şu günki röwşen ykbalymyzy, beýik geljegimizi, milli buýsanjymyz bolan gymmatlyklarymyzy belent wasp edýän şygrynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy okuw sapagyny  geçmegi ýaly taryhy wakalar göwünleri galkyndyrýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna ajaýyp sowgat hökmünde «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygynda ylmy gazanylanlar» atly ylmy makalalaryň ýygyndysynyň II goýberilişi çap edildi. Şeýle-de uniwersitetiň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň ilkinji sanynyň okyjylara gowuşmagy şanly toýumyza ajaýyp sowgat boldy.

Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr. Garaşsyzlygymyzy berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça geçen ýolumyza nazar aýlanymyzda, her bir üstünligimiziň aňyrsynda Watana söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň ýatandygyny unutmaly däldiris» diýip belleýär.

Soňra maslahat «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany», «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr», «Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,//Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy, takyk we oba hojalyk ylymlarynyň orny» atly bölümçelere dowam etdi. Olarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabaralary, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde Garaşsyzlygyň gymmaty hakynda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, azyk garaşsyzlygy, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy, Garaşsyzlyk aňyýeti we millilik, beýik şahsyýetlerimiziň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Garaşsyzlyk ýörelgeleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim, oba hojalyk ulgamlarynyň ösüşi hakynda çykyşlar diňlenildi.

Maslahata gatnaşyjylar Garaşsyz döwletimizde beýik özgertmeleriň başynda duran, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny uly üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt, adamzat ähmiýetli beýik işleriniň geljekde hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52