GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ NIDERLANDLAR PATYŞALYGYNDA GURALAN DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA GATNAŞMAGY MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI
122026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň Niderlandlar Patyşalygynda guralan ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmagy, Kronenberg şäherindäki taryhy wakalar mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly baýrak we degişli Kubok bilen sylaglanmagy bilen gutladylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» diýen şygrynyň, ondaky «At myratdyr, at ganatdyr türkmende,//Ol kämillik kemalydyr türkmeniň» diýen sözleriniň kalplara buýsanç, köňüllere ylham bolup dolandygyny bellediler.
Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň netijeleri we onuň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy, «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat hakynda çykyşlar diňlenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşynyň many-mazmuny giňişleýin wagyz edildi.
Milli Liderimiziň: «Birnäçe günläp Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň bütindünýä paýtagtyna öwrüldi. Bu wakalar ahalteke atlary boýunça ähli ussatlaryň, olary ýetişdirýänleriň, barlagçylaryň we hünärmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara bileleşikleriň üns merkezinde boldy» diýen sözleri uly buýsanç bilen nygtaldy. Çykyşlarda ahalteke atlarynyň wepalylygyň, gözelligiň, akyl-paýhasyň we gaýduwsyzlygyň nusgasydygy, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplaryndan mysallara ýüzlenildi.
Uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň, halkymyzyň, ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny hem-de şan-şöhratyny artdyrmakda beýik işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.