GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ UMUMY OKUW SAPAGYNYŇ MANY-MAZMUNY WAGYZ EDILDI
122026-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynyň many-mazmunyny talyp ýaşlara düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy, şeýle-de ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» temasynda ilkinji okuw sapagy täze okuw ýylynyň ajaýyp badalgasy boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar. Nobatdaky okuw sapagynda Milli Liderimiz ýaşlar bilen örän möhüm, esasy garaýyşlaryny paýlaşdy. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň orny we wezipesi, öňümizde duran maksatlar hem-de wezipeler barada durlup geçildi.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Men öz çykyşymy esasy zatdan — watançylyk düşünjesinden başlamak isleýärin. Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär» diýen sözleri umumy okuwyň esasy mazmunyny kesgitleýär. Milli Liderimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň düýpli berkidilendigini, hemişelik Bitaraplygymyzyň merdana halkymyzyň aýratyn taryhy ykbalydygyny, uly buýsanjy hem üstünligidigini anyk mysallar arkaly düşündirdi. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan ugur alnyp, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, amala aşyrylýan toplumlaýyn işler hakynda giňişleýin gürrüň berdi.
Nygtalyşy ýaly, biziň buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke bedewi türkmen halkynyň Garaşsyzlygynyň, özbaşdaklygynyň we milli mertebesiniň nyşanlarynyň biridir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde atçylyk we atly sport çäreleri ýokary derejede geçirilýär. Ahalteke bedewi türkmen ýaşlary üçin diňe bir milli buýsanç däl, eýsem, okgunly ösüşiň, kämilligiň we wepalylygyň belent nusgasy bolmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlaryna ýüzlenip: «Siz — Garaşsyzlyk şertlerinde ösüp ýetişen nesil. Türkmenistan size uly umyt baglaýar. Häzir biz täze tehnologiýalaryň güýçli ösýän, emeli aňyň ähli ýerde ornaşdyrylýan şertlerinde ýaşaýarys. Bu şertler geljekki ösüşi kesgitleýär» diýip bellemek bilen, «Akylly jemgyýet» konsepsiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirmekde ýaşlaryň ornuna ýokary baha berýär.
Okuw sapagynyň ikinji bölegi terbiýäni ösdürmek, türkmen halkynyň medeni-ruhy mirasyny, onuň däp-dessurlaryny gorap saklamak we baýlaşdyrmak barada boldy. Onda nesihat edilişi ýaly, ynsany kämillige we belent mertebä ýetirýän gymmatlyk, ilkinji nobatda, ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, kämil bilim almak, okamak, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň: «Goý, bagtyýar okuwçylarymyzyň hem-de talyp ýaşlarymyzyň bilim we ylym ýollary hemişe aýdyň bolsun! Döwletimize uly abraý getirsin!» diýen atalyk arzuwyndan ganatlanýarlar.
Milli Liderimiz gysga wagtyň dowamynda geçmişimizi, şu günümizi, geljegimizi bir sapaga düzüp, seljerip, ýaşlarda buýsanç duýgusyny, Watan söýgüsini ösdürdi. Okuw sapagynda türkmeniň şöhratly taryhy, şol sanda gadymy ekerançylyk we şäher medeniýetlerimiz, milli mirasymyz hakynda aýdylanlar, ýaş nesilleriň halkymyzyň taryhy hem-de onuň ylmy esasda öwrenilişi barada hemişe habarly bolmalydyklary hakynda öwüt-ündewler milli buýsanjyň çeşmesi hökmünde aýratyn ähmiýetlidir.
Umumy okuwda iň gymmatly mirasyň terbiýedigi, sagdyn maşgala, sagdyn jemgyýet, salamlaşmak edebi, çaganyň, ýigitleriň we gyz perzendiň terbiýesi hakynda aýratynlykda durlup geçildi. «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» paýhasynyň many-mazmuny arkaly perzendiň kitaba bolan söýgüsi, ýaşlaryň şöhratly taryhymyzy, baý edebi mirasymyzy beýan edýän eserleri okamagy endik edinmelidigi wagyz edildi.
Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda her halkyň öz neslini milli düşünjeleri we medeni däpleri esasynda terbiýeleýändigi, ýaşlaryň terbiýesini özbaşyna goýbermeli däldigi hakynda, bu babatda mugallymlaryň öňümizde durýan wezipeler, borçlar barada aýratyn durlup geçildi.
Umuman, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen umumy sapagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taglymat esaslaryna giňişleýin düşündiriş berdi. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar ýaşlary eziz Diýarymyzyň buýsanjy we geljegi hasaplap, olar bilen jan Watanymyz Türkmenistany öňe, diňe öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Orazsoltan HALMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
oba hojalygynda buhgalter hasaby we
audit kafedrasynyň müdiri.