UNIWERSITETIMIZIŇ WEKILI IAEA-nyň TEHNIKI MASLAHATYNA GATNAŞDY

20
Geçen aýda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherindäki Wena halkara merkezinde (Vienna International Centre) Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) tarapyndan «Merkezi Aziýada izotop gidrologiýasy barlaghanalarynyň sebit toruny döretmek» atly tehniki maslahat geçirildi. Bu halkara çärä S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy Kadyr Amanow gatnaşdy. 

Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda izotop gidrologiýasyny ösdürmek, serhetüsti suw serişdelerini durnukly dolandyrmak hem-de GloWAL (Global Water Analysis Laboratories) torunyň çäklerinde sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda uniwersitetimiziň wekili çykyş edip, ýokary okuw mekdebimiziň ylmy mümkinçilikleri, barlaghana binýady, izotop gidrologiýasy boýunça bar bolan mümkinçilikler barada giňişleýin belledi. 

Maslahatyň çäklerinde sebitdäki barlaghanalaryň arasynda tejribe alyşmak, hünärmenleriň bilimini ýokarlandyrmak we bu ugurda geljekki taslamalary üstünlikli amala aşyrmak boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Bu çäre uniwersitetimiziň halkara taslamalara gatnaşygyny işjeňleşdirmekde we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm ädim boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52