BAE-niň TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI UNIWERSITETIMIZDE OKUW SAPAGYNY GEÇDI

739
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Al Hameli «Birleşen Arap Emirlikleriniň oba hojalygy ulgamynda gazanan sepgitleri hem-de azyk howpsuzlygy babatynda alyp barýan tagallalary, şeýle hem Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda oba hojalygy ulgamynda hyzmatdaşlygy» temasy boýunça okuw sapagyny geçdi. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, ilçihananyň we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Myhmanlar, ilki bilen, bu ýerde guralan ylmy-taslama işleriniň, oba hojalyk, azyk we dokma önümleriniň sergisini synladylar.

Bu okuw sapagynda dostlukly döwletiň oba hojalygynyň ösüşleri, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde gazananlary, serişdeleri durnukly peýdalanmak boýunça häzirki zaman oba hojalyk çözgütleridir tehnologiýalary hakynda gürrüň edildi. Şeýle okuw sapaklary özara bilim-tejribe alyşmaga, degişli pudakda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge ýardam edýär.

Şeýle-de okuw sapagynda Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bioşorly oba hojalygy boýunça halkara merkeziniň (ICBA) «Ot-iým önümçiligi ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de durnuksyzlyga sezewar bolan öri meýdanlaryny dikeltmek boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmak» taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy hakynda hem gürrüň edildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda taryhy, medeni babatda köp umumylyklara eýe bolan arap dünýäsiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Arap dünýäsindäki ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biri hem Birleşen Arap Emirlikleridir. Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri diplomatik gatnaşyklary ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly tagalla edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda bu döwlete amala aşyran ilkinji resmi sapary iki dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy täze belentliklere çykardy. Oba hojalygynda, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri durmuşa geçirilýär. 

Okuw sapagynyň barşynda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.

Orazmyrat INEROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 
uniwersitetiniň kärdeşler arkalaşygynyň 
ilkinji guramasynyň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52