BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI, TÄZE OKUW ÝYLYNYŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI
232026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Bilimler we talyp ýaşlar güni, 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Ilkinji jaň» dabarasy Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine Gutlagy uly buýsanç bilen okaldy. Dabarada edilen çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlaglar aýdyldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ugrunda ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärleriniň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär.
— «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň ençemesi, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary dabaraly açylyp ulanmaga berilýär. Bu gün hünär okuw mekdeplerine gadam basýan talyplarymyz üçin hem ýatdan çykmajak günleriň biri — diýip, çykyşlarda aýdyldy.
Täze okuw ýylyndan Türkmen oba hojalyk uniwersitetine okuwa kabul edilen 1-nji ýyl talyplaryň 635-si uly ynam, yhlas bilen bilim ojagynyň gujagyna doldular. Olaryň arasynda şu ýyl täze açylan «Oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy», «IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy» hünärleriniň talyplary hem bar. Şeýle-de şanly ýylda «Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy», «Zootehniýa», täze açylan «Ösümlikleri goramak we biotehnologiýa» taýýarlyk ugurlary boýunça 26 dalaşgär magistratura okuwa kabul edildi. Olaryň ählisine geljekde uly üstünlikler, sowatly, watansöýüji nesiller bolup kemala gelmekleri, ylym-bilimler dünýäsinde ak ýol arzuw edildi. Hormatly professor-mugallymlara döredijilikli zähmet çekip, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmekde, gujur-gaýratly, ylymly-bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda alyp barýan işlerinde geljekde-de rowaçlyk, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň dowamat dowam bolmagy barada arzuwlar, uçurymlaryň hem-de 1-nji ýyl talyplaryň sözlän sözleri, uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň aýdym-sazly çykyşlary göwün göteriji boldy.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde uniwersitetiň gazanan üstünlikleriniň, ylmy taslama işleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, oba hojalyk önümleriniň sergisi guraldy. 1-nji ýyl talyplar sergä, uniwersitetiň çägindäki muzeýe, okuw merkezlerine aýlanyp gördüler. Dabara gatnaşyjylar bilimi täzelenişiň, ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi hasaplap, bilim ulgamyny täze, has belent derejelere ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.