TALYPLYK DÜNÝÄSI — KÄMILLIK DÜNÝÄSI

24
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly meniň durmuşymda iň bir şatlykly ýyllaryň biri boldy. Şu ýyl arzyly arzuwyma ýetip, oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäri boýunça ýokary bilim almaga hukuk gazandym — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby boldum.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Garaşsyz Diýarymyzyň hünär bilim ojaklarynyň sany artdyrylýar we olar häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle döwrebap şertlerden netijeli peýdalanýan ýaşlarymyz uly üstünlikleri gazanýarlar.

Men 2026-njy ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 10-njy orta mekdebi diňe 5-lik bahalar bilen tamamladym. Mekdep ýyllarymda Sakarçäge etrabynyň çagalar sungat mekdebinde skripka hünärinde okap, sungatyň diline düşündim. 

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň geçiren ders bäsleşiklerinde matematika dersinden ýeňiji boldum. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň geçiren «Ösüş üçin innowasiýa — 2026» atly taslama işleriniň sergi bäsleşigine gatnaşyp, II derejeli diplom bilen sylaglandym. 

Dürli ýyllarda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşiklerinde matematika dersinden etrap, welaýat derejelerinde ýeňiji boldum. Sportuň şaşka görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşyp, üstünlik gazandym. 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ylmy-taslama, döredijilik işlerimi dowam edip, oba hojalygynyň mehanizasiýasy boýunça bilimleri, sanly tehnologiýalary içgin özleşdirmegi maksat edinýärin.

Ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!

Nurgeldi NURGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň 
oba hojalygyny mehanizmleşdirmek 
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52